THE ASHGABAT TIMES

Türkmen wekiliýeti Tbiliside geçirilýän AÖB-nyň 57-nji duşuşygyna gatnaşýar

06.05.2024

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary M.Orazdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Aziýanyň ösüş bankynyň her ýylky mejlisiniň 57-nji duşuşygyna gatnaşýar.

«Geljegiň köprüsi» atly bu forum Tbilisi şäherinde 2 – 5-nji maýy aralygynda ilkinji gezek geçirilýär.

Duşuşyga AÖB-nyň 68 sany agza ýurtlaryndan 4000-e golaý wekil, şol sanda AÖB-nyň prezidenti Masasugu Asakawa, maliýe ministrleri, merkezi banklaryň dolandyryjylary, ýokary derejeli hökümet işgärleri, şeýle hem hususy pudagyň, ylmy jemgyýetçiligiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi, emeli intellekt, ýaşyl globallaşma, ykdysady ýagdaýlar, sebit hyzmatdaşlygy hem-de Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ösüşiniň we beýleki birnäçe esasy meseleler barada pikir alyşýarlar.

Ýeri gelende, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň işjeň ösüşini, şeýle hem 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ýokarlanýandygyny belläp geçmelidiris.

Forumyň çäginde dürli çäreler, seminarlar we çykyşlar guralar.

mincom.gov.tm: çeşmeleriň habar bermeginde.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:55 am, Mar 11, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1022 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:23 am
Sunset Sunset: 7:09 pm
scale 1200 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti nebiti gaýtadan işlemekde innowasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýtdy

original 162038eab4a8a0 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan arzan dizel ýangyjy boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

07.03.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň

Gahryman Arkadagymyzyň “Euronews” teleýaýlymyna interwýusy

07.03.2025
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz dünýäniň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, maglumat giňişliginde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Halkara hyzmatdaşlygyň
GitTop