Dark
Light
24.01.2026
2 THE ASHGABAT TIMES

“TürkmenÄlem 52°E” aragatnaşyk emeli hemrasy

31.05.2024

Türkmenistanyň «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasy 2015-nji ýylda Ýer üstünden 36 müň km beýiklikde üstünlikli ýerleşdirildi.
Älem giňişligindäki türkmen emeli hemrasy ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmäge, türkmen teleradioýaýlymlaryny ýokary hilli görnüşde alyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Hemranyň bu mümkinçilikleri esasynda biri-birinden uzak aralykda ýerleşýän ýerüsti stansiýalaryň arasynda maglumatlar alşylýar. Giň zolakly internet hyzmatlary guralýar. Belli bir aralykdan okuw işi, lukmançylyk hyzmatlary ýola goýulýar, şol sanda wideoşekilli dürli maslahatlar geçirilýär.
«TürkmenÄlem 52°E»Türkmenistanda kosmos bilen bagly ylmy-barlag işlerini ösdürmäge we kämilleşdirmäge, döwrebap hemra aragatnaşyk ulgamyna daýanýan ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, ylmy taslamalary amala aşyrmaga, ählitaraplaýyn innowasion ösüşleri gazanmaga ýardam berýär. Milli emeli hemramyz ata Watanymyzyň Ýewraziýa giňişliginde we bütin dünýäde hyzmatdaşlyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, dostluk we agzybirlik köprülerini gurup, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamyny dabaralandyrýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Rüstem GURBANOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

0139853002 alt1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Disneý 100” konserdi Aşgabat şäherinde geçirler

6297488742529 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýurdumyzda çagalara goýulan sarpa

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop