Türkmenistan bilen Ermenistan özara haryt dolanşygyny ösdürmegiň ýollaryny maslahatlaşdy

08.05.2024

Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Ermenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýanyň arasynda 2024-nji ýylyň 3-nji maýynda geçirilen duşuşykda ulag mümkinçilikleri ulanmak arkaly iki ýurduň arasynda haryt dolanşygyny ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Mnasakan Safarýan Ermenistanda häzirki wagtda ulag ugruny ösdürmek we täze mümkinçilikleri döretmek hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ulag babatdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Şeýle hem Ermenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň gatnaşýan ulag-üstaşyr geçelgelerine ermeni tarapynyň uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-logistika ugurlary boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow we Ermenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýan halkara hem-de sebitleýin guramalaryň, hususan-da GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleleriň üstünde durup geçdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:24 am, Sep 20, 2024
temperature icon 23°C
облачно с прояснениями
Humidity 35 %
Pressure 1018 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 83%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

«Altyn bürgüt» halkara syýahatçylyk otlusy Aşgabat şäherine geldi

Next Story

Watansöýüjiligiň beýik mekdebi

Soňkylar Habar

GitTop