4571528 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan bilen Eýran tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyny has hem güýçlendirýär

13.05.2024

Geçen günlerde Eýran Yslam Resbuplikasynyň paýtagty Tähranda Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) dolandyryjy direktory Majid Çegeniniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşykda türkmen tarapy Eýranyň dünýäniň gaz pudagyndaky aýratyn ornuny belläp, iki ýurduň arasyndaky gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýdyp, inžener-tehniki hyzmatlaryň eskporty we swop görnüşindäki gaz hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny düzýändigini belledi.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) dolandyryjy direktory Majid Çegeni iki ýurduň tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy barada aýdyp, munuň her iki döwlete peýdaly boljakdygyny aýtdy.

Çegeni ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gaz senagaty pudagyndaky mümkinçilikleri barada aýdyp, gaz swop hyzmatdaşlygy, tehniki we inženerçilik hyzmatlaryň eskporty babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belledi.

Üstümizdäki ýylda Eýranda tebigy gazy eksportirleýän ýurtlaryň forumynyň ministrler duşuşygynyň geçiriljekdigini bellän Çegeni Türkmenistanyň gaz pudagynda möhüm ýurtdygyny we geljekde bu forumyň agzasy boljakdygyna ynanýandygyny belledi.

Eýranyň paýtagty Tährandaky “Iran Oil Show 2024” 28-nji halkara sergisine 12 döwletden 250-den gowrak kompaniýa, şeýle hem 1500-e golaý eýranly firmalar gatnaşdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:32 pm, Jan 30, 2025
temperature icon 3°C
пасмурно
Humidity 87 %
Pressure 1034 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:12 am
Sunset Sunset: 6:26 pm
annotation 2024 05 10 195113 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaponiýada syçan krizisi: 100 müňden gowrak gaplanan çörek konfiskasiýa edildi

sport THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türgenleriň taýýarlygynda ulanylýanbarlag gözegçilikleriň usullary

Soňkylar Habar

GitTop