zmxoi90g7otjbc7np96rdhwkhdidr1skpgmjmgovll8gyzzbjapb22vzm5ah 820x720 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan bilen Kataryň arasynda göni howa gatnawlarynyň açylmagy meýilleşdirilýär

30.05.2024

Türkmenhowaýollary” agentliginiň wekilleri bilen Kataryň Türkmenistandaky ýerine ýetiriji ilçisi Al-Remaihi Ganem Abdullanyň arasynda Aşgabat şäherinde geçirilen duşuşykda ýakyn wagtda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda göni howa gatnawlarynyň açylmagyna garaşylýandygy mälim edildi.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda howa gatnawy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem duşuşykda göni we üstaşyr uçuşlary ýola goýmak mümkinçiligine aýratyn üns berildi we Kataryň “Qatar Airways” milli awiakompaniýasy üçin Türkmenistanda nyrhlar hem-de hyzmatlar baradaky maglumatlary öz içine alýan mahabatlary guramak teklip edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Katara gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň wiza almagyny aňsatlaşdyrmak üçin onlaýn hyzmatdan peýdalanyp boljakdygy hem bellenildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:49 pm, Feb 23, 2025
temperature icon 1°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1017 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:46 am
Sunset Sunset: 6:53 pm
turkmenistanyn dowlet medeniyet merkezinin mukamlar kosgi auqos THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsert geçiriler

814f4b5cada1affe7ee178b254af38a5 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Imza” söwda dükanynda 01.06.2024 seneden arzanladyş yglan edilýär

Soňkylar Habar

GitTop