thumb 693 0 0 0 auto 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň döwlet býujeti

10.05.2024

Döwlet býujeti –bu döwlet häkimiýeti edaralarynyň iş hereketini üpjün etmek üçin pul serişdelerini toplamagyň we harçlamagyň esasy maliýe meýilnamasydyr. Döwlet býujeti merkezi we ýerli býujetleri birleşdirýär.Her bir derejedäki býujet girdejileri ―Türkmenistanyň döwlet býujeti hakyndaky‖ kanunyna laýyklykda emele getirilýär.

Döwlet býujetiniň girdejileri umumydöwlet we ýerli salgytlar, ýygymlar, gümrük haky we salgyt däl tölegleri öz içine alýar. Goşulan gymmata salynýan salgyt, goşmaça tölegler, peýdadan we girdejiden alynýan salgyt, emläge salynýan salgyt, raýatlardan alynýan girdeji salgydy esasy umumydöwlet salgytlaryna degişlidir.

Peýdadan alynýan salgyt –salgyt salmagyň obýekti umumy peýdadyr. Umumy peýda önümi (işleri, hyzmatlary), beýleki maddy nygmatlary (esasy serişdeleri goşmak bilen) ýerleşdirmekden alnan peýdanyň (zyýanyň) we ýerleşdirmekden daşary operasiýalardan alnan pul serişdelerinden şolar boýunça çykdajylar aýrylandansoň galýan girdejiniň jemine deňdir.

Goşmaça gymmata salynýan salgyt–munuň özi önüm öndürilende we harytlar (işler, hyzmatlar) ýerlenende döredilen goşmaça gymmatyň döwlet býujetine alynýan bölegidir. Önümleri (işler, hyzmatlary) ýerlemek boýunça dolanyşyklar salgyt salmagyň obýektidir.

Goşmaça tölegler–bu harydyň gymmatyna goşulýan we alyjy tarapyndan tölenýän ikinji derejeli salgytdyr.

Döwlet býujetiniň çykdajylary –bu döwletiň pul serişdeleriniň paýlanylyşy we olaryň pudaklar, ýörite we sebitleriňmaksatlary boýunça ulanylyşydyr.
Ykdysadyýetiň pudaklaryny maliýeleşdirmekligiň çykdajylary agrosenagat toplumyny we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny, şeýle hem merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlaryny we ýörite maksatly beýleki çäreleri maliýeleşdirmägegönükdirilen harçlary öz içine alýar.

Umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryna harçlar–bu döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralaryny saklamaga, goranyşa we serheti goramaga, şeýle hem jemgyýetçilik tertibini we howpsyzlygy berjaý etmäge edilýän çykdajylardyr.

Kärhanalaryň maliýe hasabaty kärhanalaryň maliýe ýagdaýyny görkezýän görkezijileri özünde jemleýär. Maglumatlary ýygnamak döwlet hasabaty we buhgalterçilik balanslary görnüşinde amala aşyrylýar.

Önümi (işleri, hyzmatlary) ýerleşdirmekden alynýan peýda–önümi (işleri, hyzmatlary) ýerleşdirmekden gelen pul serişdelerinden goşulan gymmata salynýan salgydy, goşmaça tölegler, şeýle hem önümi (işleri, hyzmatlary) öndürmek we ýerleşdirmek bilen baglanşykly hem-de onuň özüne düşýän gymmatyna goşulýan harajatlary aýryp kesgitlenýär.

Banklaryň ykdysadyýetiniň pudaklaryna we ilata berýän karz pullary bank hasabatynyň maglumatlary esasynda görkezildi.

Banklaryň ykdysadyýetiniň pudaklaryna we ilata beren karz pullary bank ulgamynyň ýurduň ykdysadyýetine beren karz serişdelerini aňladýar. Ykdysadyýete karz pul bermek häzirki wagtda täjirçilik banklarynyň hususy serişdeleriniň, şeýle hem agrosenagat toplumyna we ýaşaýyş jaý gurluşygyna döwlet kömegini bermek we beýleki maksatlar üçin Türkmenistanyň Merkezi bankynyň täjirçilik banklarynyň üsti bilen kärhanalara berýän serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Daşary ýurt maýadarlary Türkmenistanyň ykdysadyýetine karz pul bermek boýunça düýpli kömek berýärler.

Ätiýaçlyk tölegi–ätiýaçlandyrylanyň ätiýaçlyk şertnamasyna ýa-da kanuna laýyklykda ätiýaçlandyryja (ätiýaçlandyryş guramasyna) töleýän pul serişdesidir.

Ilatyň ätiýaçlandyrylyşy boýunça ätiýaçlyk tölegleri meýletin şahsy ätiýaçlandyrmanyň, raýatlaryň emläkleriniň ätiýaçlandyrmasynyň, hökmany ätiýaçlandyrmanyň şertnamalary boýunça ätiýaçlyk töleg serişdelerini öz içine alýar.

Ätiýaçlandyryjynyň tölegleri–ätiýaçlandyrylan adamda ätiýaçlandyryş ýagdaýynyň ýüze çykmagy bilen, ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlyk şertnamasynda ýa-da kanunda bellenen puluň ätiýaçlandyrylana tölenmegidir.

Býujet edaralarynyň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň tölegi bellenen möhletlerinde geçirilýär.

Döwlet MYRATGULYÝEW
Türkmen döwlet maliýa
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
9:50 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 3°C
пасмурно
Humidity 87 %
Pressure 1023 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
346964396984577 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Temperamentiň tipleri öz mazmunynda degişli psihologik häsiýetler

original 16035eacc92a0b THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýagşygeldi Kakaýew barada maglumat

Soňkylar Makalalar

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

21.02.2025
Türkmen medeniýetinde toýlar aýratyn ähmiýete eýe bolup, gelin gyzlaryň şaý-sepleri toýuň iň gözelligi we täsin bezegleriniň biridir. Şaý-sepler diňe bir bezeg däl, eýsem medeni

Ynsan ösüşiniň esasy çeşmesi

21.02.2025
Bilim, adamzadyň intellektual, ruhy we fiziki ösüşiniň möhüm bir bölegidir. Bilim, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumatyň çeşmesidir we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol

 Maglumatlaryň we Sungatyň Hazynasy

21.02.2025
Kitaplar, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumat çeşmelerinden biri bolup, bilim, medeniýet, we döredijiligiň ornaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Kitaplar dürli mazmunlary, temalary we

Adamzadyň akyl ulgamy

21.02.2025
Düşler, adamzadyň akyl ulgamynyň örän gymmatly we şüweleňli bir bölegidir. Düşler adama aň, duýgy we tebigat barada çuňňur düşünje berýär. Düşler diňe bir ýatanda

Tebigatyň Gözelligi we Janlanmasy

21.02.2025
Ýurdumyzda bag – bossanlyk tebigatyň janlanmasyny, gözelligini we adamlaryň durmuşyna sazlaşyk getirmek üçin döredilen aýratyn mekandır. Baglar, tebigatyň dürli görnüşleriniň we ösümlikleriniň jemlenýän ýerleri
GitTop