Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durnukly ösüşini, kanunylygy, hukuk tertibini üpjün etmek, döwletimiziň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy, edermen ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etdirýän ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda görülýän çäreler hakynda aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan bu doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi serkerdeleriň hünär derejesine, hukuk taýdan sowatlylygyna, döwrebap tehniki serişdeleri, sanly ulgamy özleşdirmek endiklerine gönüden-göni baglydyr.
Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu işleriň kanunçylyga laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň maksatnamasynyň talabalaýyk ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada-da görkezme berildi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 9-njy maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri, ýuridik we şahsy taraplaryň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirişine gözegçiligi amala aşyrmagyň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunlaryň ileri tutulmagyny üpjün etmekde we hukuk bozulmalarynyň islendik görnüşiniň öňüni almakda bu düzüme möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hukuk tertibini üpjün etmek, milli kanunçylygyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça mundan beýläk-de anyk çäreleri görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak bilen bagly tabşyryklary berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň 2024-nji ýylyň dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek, durmuş häsiýetli meseleleri çözmek boýunça görlen anyk çäreler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ministrligiň ähli düzümleriniň işini mundan beýläk-de döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Tomus möwsüminiň ýetip gelýändigi bilen baglylykda, ýangyna garşy göreş kadalaryny berjaý etmek boýunça çäreleri güýçlendirmek tabşyryldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy döwrebap tehniki serişdeleri we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamlaryny giňden ulanmagyň wajypdygyny belläp, ministre degişli görkezmeleri berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň durmuşa geçirilişi, hasabat döwründe kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunylygyň berjaý edilişine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, netijeli kazyýet işi üçin ähli şertleri döretmegiň, şunda kazylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak meselesine uly üns bermegiň wajypdygy bellenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezip, birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, hormatly Prezidentimiziň kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri barada-da aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, içerki jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy üpjün etmek işinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň möhüm ornuna ünsi çekdi we bu ugurda sazlaşykly işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk etmekleri, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek bilen bagly meseleler barada hem aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen parahatçylyk söýüjilikli, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde Serhet goşunlarynyň ornuny belledi. Gullugyň üstüne ýüklenilen wezipeleri çözmekde şu ýörelgelerden ugur almak, dost-doganlygyň serhetleri bolup durýan Watanymyzyň guryýer we deňiz serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de gullugyň ýolbaşçysyna garamagyndaky düzümleýin desgalary döwrebaplaşdyrmak, işgärler kuwwatyny berkitmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra adalat ministri M.Taganow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, hukuk namalarynyň birnäçesini täzelemek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak ugrunda görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Täze kanunlar öňde goýlan maksatlara ýetmäge, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda oňyn özgertmeleri amala aşyrmak bilen bagly wezipeleri çözmäge ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk ulgamyndaky özgertmeleriň wajypdygyny belledi. Olar jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň kabul edilmegi bilen utgaşdyrylýar. Ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny üpjün etmek, raýatlara ýokary hilli hukuk kömegini bermek ministrligiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we bu ugurdaky işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän gullugynyň şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek boýunça yzygiderli görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, düzümiň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, milli bähbitleri goramak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler gümrük işini kämilleşdirmäge gönükdirilmelidir. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gullugyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, pudagara maglumatlaryň alşylmagyny ýola goýmagyň wajypdygyny aýdyp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gullugy ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy we döwrebap usullary ulanmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan migrasiýa syýasatynyň Esasy Kanunda bellenen ýörelgeler, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda amala aşyrylýandygyny belledi. Bu ugurda döwrebap tehnologiýalary, maglumat-tehniki serişdeleri işjeň ulanmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna öňdebaryjy tejribäni öwrenmek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak işini talabalaýyk guramak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmäge, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
02.05.2024
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI