Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

08.05.2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Ýaňy-ýakynda, ýagny şu ýylyň mart aýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynda ýyllyk kuwwaty 1 million tonna sement öndürmäge ukyply bolan sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. Ine, bu gün bolsa biz Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze kuwwatly önümçiligiň nobatdaky tapgyryny işe girizmek dabarasynyň şaýatlary bolýarys. 

Bu zawodyň ýokary hilli önümleri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan köp sanly gurluşyklarda peýdalanylar. 2005-nji ýylda ulanmaga berlen Bäherden sement zawody Merkezi Aziýa sebitinde şunuň ýaly kärhanalaryň iň irileriniň biri bolup durýar. 

Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň iri kärhanasy Köpetdagyň belent gerişleriniň eteginde ägirt uly senagat düzümlerini we önümçilik desgalaryny özünde jemleýän tutuş toplumdyr. Bu ýerde sementiň uly isleg bildirilýän görnüşleri öndürilip gelinýär. Zawodyň önümi täze taryhy eýýamda ýurdumyzda giňden alnyp barylýan gurluşyklaryň ýokary depginini üpjün edýär. 

Senagat toplumynyň ikinji tapgyry Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Beýik-Bina» hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. 

Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmäge önümçilik işini meýilnamalaşdyrmak we dünýäniň sement senagaty üçin taslamalary dolandyrmak boýunça hyzmatlary hödürleýän Germaniýanyň «KHD Humboldt Wedag» iri inženerçilik kompaniýasy çekildi. 

Täze zawod dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa uly isleg bildirilýän ýokary hilli sementiň PS-400, PS-500, PS-600 görnüşlerini hem-de sulfata durnukly portlandsementi öndürmäge mümkinçilik berýär. 

Beýleki desgalarda bolşy ýaly, bu zawodda hem önümçiligiň ekologiýa taýdan arassalygyna we ähli bellenen kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berildi. Çünki daşky gurşawyň goraglylygy ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň gurluşygynda aýrylmaz şertleriň biri bolup durýar.

TDH

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:19 am, Sep 20, 2024
temperature icon 21°C
небольшой дождь
Humidity 36 %
Pressure 1017 mb
Wind 4 mph
Wind Gust Wind Gust: 5 mph
Clouds Clouds: 98%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Watansöýüjiligiň beýik mekdebi

Next Story

Döwlet Baştutanymyz Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Soňkylar Habar

GitTop