Dark
Light
24.01.2026
a301879a0559017fe2b8ff5c8970482d THE ASHGABAT TIMES

“Watan” kinokonsert merkezinde Tahyr Ataýewiň çykyşy

25.05.2024

Orkestr Tahyr Ataýew Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 13-nji iýunda “Watan” kinokonsert merkezinde geçiriljek “Möwsümler” konsertine çagyrýar.
Meýilnama boýunça Antonio Wiwaldiniň we Maks Riçteriň eserlerini diňleýjilere ýetirerler.
“Möwsümler” – XVIII asyrda wenesiýaly kompozitor Antonio Wiwaldi tarapyndan ýazylan skripka konsertleriniň ýygyndysy. “Möwsümler” eseri Wiwaldiniň iň meşhur eserleriniň birine öwrüldi.
Onlarça çeper we dokumental filmleriň aýdym-sazlarynyň awtory hökmünde tanalýan häzirki zaman iňlis kompozitory Maks Riçter Wiwaldiniň eserini gaýtadan ýazdy. Ol ilkinji gezek “Möwsümler” eseriniň gaýtadan işlenen görnüşini 2012-nji ýylda ABŞ-da görkezdi.
Orkestr Tahir Ataýewiň sazandalary tomaşaçylary bu taryh bilen tanyşdyrarlar.
Konsert sagat 19:00-da başlanar.
Petekleri satyn almak üçin şu belgiler bilen habarlaşyp bilersiňiz: 55-90-15; (+99362) 532871.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

0jkj1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

DZ-ED х ARSI х DOWIK – ýene-de BKmedia show “Hereketde”

hillel blog cover programmingcoursesadvices THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ITEA “Programmirlemegiň esaslary” tomusky kursyna 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop