qodksdf0lwpcg70knlvt6bkpznxwco 920x340 1 THE ASHGABAT TIMES

Watansöýüjiligiň beýik mekdebi

08.05.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň şanly baýramy bolan Ýeňiş güni egsilmez joşgun, uly dabara bilen bellenilýär. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar. Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

1941—1945-nji ýyllaryň urşunda, ildeşlerimiziň müňlerçesi deňi-taýy bolmadyk mertlik, gahrymançylyk görkezipdirler. Olaryň atlary türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýyllar geçýär, emma ýer ýüzünde asuda asmanyň we parahat durmuşyň hatyrasyna başyny goýan millionlarça gerçekleriň gahrymançylygy, edermenligi, batyrgaýlygy, gaýduwsyzlygy häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda hemişelik galar.

79 ýyl geçen hem bolsa, ol ýyllaryň gahrymançylykly sahypalary biziň kalplarymyzda hemişe ýaşaýar, öz watandaşlarymyza buýsanç duýgusyny döredýär. Biz olaryň öçmejek şöhratynyň öňünde baş egýäris. Häzirki nesil türkmen halkynyň gahryman ogullarynyň öňünde hemişe borçludyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ata-enä sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzihalal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesiller biziň buýsanjymyzdyr.

Şarapat DURDYÝEWA
Lebap welaýatynyň
Çärjew etrabynyň
29-njy orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
wko0tf6fla5g12h2zwimdmn42oyhkmimboonrcecu9foyt9noayronbfs3sm 820x720 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan bilen Ermenistan özara haryt dolanşygyny ösdürmegiň ýollaryny maslahatlaşdy

1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop