9a3beadcdab58bb51b9029b38883ff72 THE ASHGABAT TIMES

Woleýbol boýunça milletler ligasy

16.05.2024

Häzirki günlerde ýurdumyzyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy Päkistanyň paýtagty Islamabadda milletler ligasynda çykyş edýär.

Bu ýaryşa Türkmenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Päkistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň we Şri Lankanyň ýygyndy toparlary gatnaşýar. Ýaryş bir toparda aýlaw görnüşinde geçirilýär. Şunlukda toparda iň gowy netije görkezen iki ýygyndy final oýnuny oýnar. Toparda 3-nji we 4-nji orunlary alan ýygyndylar bürünç medalyň ugrunda güýç synanşarlar.

3 oýnuň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy häzirlikçe 4 utuk bilen 4-nji orunda barýar. 2-nji we 3-nji orunlarda barýan Gyrgyzystanyň we Eýranyň ýygyndy toparlary bary ýogy 1 utuk ara tapawut bilen öňde barýar. Milli ýygyndymyz galan iki oýnuny 5-nji hem-de 6-njy orunlarda barýan Şri-Lankanyň we Owganystanyň ýygyndysy bilen geçirer.

Ýaryşyň geçen ýylky finalçylary bolan Gyrgyzystanyň toparyny 3-0 hasabynda ýeňen ildeşlerimiz, geçen möwsümiň çempiony Eýranyň ýygyndysyndan 2-3 hasabynda asgyn geldi.

17-nji maýda bürünç medalyň we çempionlygyň ugrundaky oýunlardan soň, ýaryşyň ýeňijileri doly belli bolar.

Biz hem ildeşlerimize indiki oýunlarynda uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Gudrat AKYÝEW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
18109a2fdb3f79150ddc3ab4b6ad1a88 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

III Açyk halkara internet olimpiadasy

27032024theoreticalmechanics THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nazary mehanika dersi boýunça talyplaryň III halkara açyk internet olimpiadasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop