Dark
Light
25.01.2026
original 16035eacc92a0b THE ASHGABAT TIMES

Ýagşygeldi Kakaýew barada maglumat

10.05.2024

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetine görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäri, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna ýolbaşçylyk eden Ýagşygeldi Kakaýewiň ady dakyldy. Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Türkmenistanyň Mejlisi degişli Karary kabul etdi.

Kararda bellenilişi ýaly, bu çözgüt Ýagşygeldi Kakaýewiň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny ýokary götermekde, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny giň gerimler bilen ösdürmek we toplumyň halkara energiýa ulgamlaryna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasatyny durmuşa geçirmekde, pudaga ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny, ýokary hünär derejesini, nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly hem-de halal zähmetini hormatlamak maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Mejlisine Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmak baradaky meselä seretmegi Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji fewralda geçirilen Döwlet mejlisinde belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Ý.Kakaýew ýurdumyzyň görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäridi. Örän uly tejribesi bolan halypady. Ol nebitgaz pudagynyň häzirki zaman ulgamynyň emele gelmegine, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine we ösdürilmegine uly goşant goşdy.

Belläp geçsek, Ý.Kakaýew dürli ýyllarda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrliginde işledi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ulanmak boýunça döwlet agentliginiň direktory, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi boldy.

Ençeme ýyllaryň dowamynda tehniki ylymlarynyň kandidaty Ý.Kakaýew 80-e golaý ylmy-tehniki işleri we tehnologiki hasabatlary ýazdy, ylmy oýlap tapyşlary üçin 7 sany patent aldy. Ençeme Döwlet sylaglaryna mynasyp boldy.

Ýagşygeldi Kakaýew 2020-nji ýylda 61 ýaşynda aradan çykdy.

Hakberdi TURMAÝEW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

thumb 693 0 0 0 auto 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň döwlet býujeti

1wj1idrkglamfgwpgki4qddznotzbnmrcawflutpstfobkvtcdqzd9dp7hke THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýüpek önumçiligi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop