Dark
Light
10.01.2026
792fbc1cd9527f3d52df3b3bf2540561 THE ASHGABAT TIMES

ÝAŇLANANDA – DARAK SESI

20.05.2024

Gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdyp, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen halyçylyk sungaty hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu pudaga berýän aýratyn ünsi,kömek-goldawy netijesinde täze ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Watanymyzyň häzirki pajarlap ösýän döwründe halkymyzyň beýik mirasyny öwrenmek, ajaýyp halylary döretmekdäki  ýörelgeleri hem-de däpleri gaýtadan dikeltmek we wagyz etmek işleriniň giň geriminde alnyp barylmagy, ajaýyp halylary döredýän çeper elli gyz–gelinlerimiziň  döredijilikli işlemekleri üçin täze halyçylyk kärhanalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi we ýene-de döwlet tarapyndan berilýän ençeme  goldawlar bu belent senediň ösüşli ýoluny üpjün edýär.Ýurdumyzda döwrebap çeper halyçylyk kärhanalarynyň sanynyň artmagy netijesinde haly dokamaga isleg bildirýän gelin-gyzlarymyzyň sany barha artýar.Ene-mamalarymyz gelin-gyzlaryň edep ekramly, asylly, akyl-paýhasly,ukyp-başarnykly,eli hünärli bolmagy barada uly alada edipdirler. Olar gyz perzentleri ese–boýa galyp ugrandan dürli tagamlar taýýarlamagy,keşde çekmegi,gaýma gaýamagy,haly-palas,keteni dokamagy keçe güllemegi,jorap örmegi öwredipdirler.Häzirki wagtda türkmen zenanlarynyň nepis el işlerinde özüne mahsus aýratynlyk bar. Olar dürli nusgalary tapyp,reňkleri utgaşdyrmagy,nagyşlary bir-birine gelişdirip,täsin gözellik döretmegi ezberlik bilen başarýarlar.Nagyşlaryň nepisligi hem-de inçeligi, reňkleriň saýhally,rejeli utgaşdyrylyşy el işiniň çeperçilik gymmatyny kesgitleýär. Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan gözellik gudraty,dünýäniň zynaty bolan ajaýyp halylary Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe täze ösüşe eýe boldy. Türkmeniň abraýyny arşa göterýän nepis halylarymyz bu gün toýlarymyzyň, öýlerimiziň gelşigi we ýaraşygydyr.Köp asyrlyk taryhy bolan milli medeni mirasymyzy goldamak onuň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda ägirt uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary elmydama aman bolsun. Alyp barýan umumyadamzat ähmiýetli tutumly  işleri mundan beýläkde diňe rowaçlyklara beslensin.

Ogulnur JUMAGELDIÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

untitled 5 1024x713 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Çygly materiallaryň häsýetnamalary

water drop THE ASHGABAT TIMES
Next Story

SUW ÝAŞAÝYŞYŇ ÇEŞMESIDIR !

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
GitTop