Bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylymly-bilimli, kämil hünärli, watansöýüji, maksada okgunly we zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň geljekde öz hünärinden baş çykarýan kämil ýerine ýetirijiler we başarjaň hünärmenler bolup ýetişmeklerini üpjün etmek, şeýle-de ýaşlaryň zehin başarnyklaryny açyp görkezmek, sungatyň dürli ugurlaryndan ökde bagşy-sazandalaryň kämil ýerine ýetirijilik derejesini ýokarlandyrmak hem-de has tapawutly ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi. «Ýaşlyk mukamy» atly bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda, ýörite sazçylyk we orta hünär sungat mekdeplerinde ýekelikde aýdym aýtmak, fortepiano, kirişli, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary boýunça bilim alýan, zehinli ýaş ýerine ýetirijileriň arasynda paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde geçirildi.
Bagşy hem-de türkmen milli saz gurallary boýunça Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň konsert zalynda geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlaryndaky ýörite sazçylyk sungat mekdepleri, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk sungat mekdebi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşik emin agzalaryň gatnaşmagynda diýseň gyzgalaňly geçdi.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň diplomlary we hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebimiziň mugallymlary, talyplary bilen bilelikde taýýarlan jemleýji konserti agzybirligiň ýaňy bolup joşguna beslendi.
Dabara gatnaşan döredijilik işgärleri we ýaş sazanda-bagşylar, şunuň ýaly bäsleşikleri geçirmäge döredilýän şertler we goldaw-hemaýatlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler.
Çeşmeleriň habar bermeginde:medeniyet.gov.tm