Dark
Light
27.12.2025
2 1700483000 THE ASHGABAT TIMES

TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň II halkara teatr festiwaly Aşgabatda geçiriler

15.06.2024

Türkmen paýtagtynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty 14-nji iýunda habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary M. Mämmedowa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde teatr festiwalynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.

Bu döredijilik çäresini Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, şu ýylyň oktýabr aýynda meýilleşdirilýär. Oňa Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden we Özbegistandan teatr toparlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle -de TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe dabaralara we çärelere badalga berlendigini belledi hem-de şu ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyny ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

5 1718442233 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TDIM-niň HGI-de «Uçurym — 2024» dabarasy geçirildi

60f335c406a90 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dünýäde iň çuň howuz Dubaýda halka hyzmat edip başlady

Soňkylar Habar

2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi

27.12.2025
Bu barada 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdylyp, Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine
GitTop

Don't Miss