Dark
Light
26.01.2026
aaaaa 1 THE ASHGABAT TIMES

«Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet»

22.06.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň neşirýat ulgamynyň kämilleşmegi, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ençeme täze kitaplaryň neşir edilmegi, kitaphanalaryň açylmagy, bar bolan kitaphanalaryň kitap gorlarynyň hem çap edilen kitaplar we elektron kitaplar arkaly üstüniň ýetirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň giň gerime eýediginden habar berýär.
Täze kitabyň neşir edilmegi, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda geçirilýän şeýle hem Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan edilen ýylyna gabat gelmegi bolsa bu wakalary bir ýere jemläp, olary taryhyň sahypalarynda hemişelik saklar.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu kitabyň ýazylmagyna dünýä belli arheologlar, taryhçylar we olaryň nesilleri bilen bilelikde işleşmek bagty miýesser eden Gahryman Arkadagymyzyň beren gürrüňleri uly ýardam berdi. Olar ýurdumyzda ylmy gözlegleri, arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirip, köp sanly wajyp tapyndylary ýüze çykardylar we dünýä derejeli möhüm açyşlary etdiler. Bu giň gerimli işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli, şeýle hem Wadim Masson, Wiktor Sarianidi we beýleki tanymal alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hormatly Prezidentimiz kitabynda: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip belleýär.

Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilen hem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Änew şäheri diňe bir türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, külli türki älem üçin-de aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza sowgat bermegi bagtyýar halkymyz üçin çuňňur buýsanjyň gözbaşy bolup, biziň ählimizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Humaý HOMMADOWA

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan Hytaýyň tebigy gaz üpjünçiliginde öňdebaryjylygy eýeleýär

lift THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda lift önümçiligi bilen bagly kärhanalar dörediler

Soňkylar Makalalar

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop