161 THE ASHGABAT TIMES

Arkadag şäherinde bolan kontertde Türkiýeli aýdymçylar çykyş etdiler

30.06.2024

2024-nji ýylyň 29-njy iýun agşamy «Arkadag Binasy» baýramçylyk meýdançasynda ýurduň sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy.

Bu ýerde guralan dabaranda edebi maksatnamasyna aýdymlar we joşgunly tanslar, artistleriň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary, milli sungatyň özboluşly öwüşginini açyp görkezýän döredijilik çykyşlary boldy.

Tomaşaçylar Türkiýe Respublikasynyň sungat ussatlary Mustafa Sandalyň we Mustafa Jejeliniň çykyşlaryny uly şowhun bilen garşyladylar. Olar meşhur estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Ýeri gelende bellesek, agzalan türk ýyldyzlary mundan ozal hem Türkmenistana gelipdiler. Has anygy, Mustafa Jejeli 2013-nji ýylda, Mustafa Sandal bolsa 2022-nji ýylda Aşgabatda konsert beripdi.

Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen her bir baýramçylykda dünýä meşhur küştdepdi aýdymly tans dessury ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda halkymyzyň medeni mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan gadymy aýdymly tans dessury ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, döwrüň ruhy bilen sazlaşýar we many-mazmun taýdan baýlaşýar. Küştdepdini birleşen folklor toparlary ýerine ýetirip, öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Sözi hem sazy türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza degişli bolan «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» atly aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi. Ony dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmekleri sungat eseriniň täsirliligini artdyrdy. Bu aýdym watansöýüjiligiň, agzybir halkymyza we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza beýik buýsanjyň senasy bolup ýaňlandy.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
ypmg 8 1 e1719742347807 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri 4-nji gün II bölüm

ypmg jemleyji THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri jemleýji bölüm

Soňkylar Habar

Aşgabat owgan halkyna goldaw bermegini dowam eder

15.01.2025
Türkmenistan, bitarap döwlet hökmünde, Owganystanda parahatçylyga we raýat ylalaşygyna, ykdysady infrastruktura dikeltmäge we sosial meseleleri çözmäge gönükdirilen tagallalary goldaýar we bu ýurda kömek bermegini

Sanlaşdyrylan  ösüşler

13.01.2025
       Ýurdumyzda her ýyl ösüşler öz ornuny tapýar. Bu ýyl hem “Halkara Parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýylynda” milli ykdysadyýetimiziň altyn hazynasy bolan nebit we gaz
GitTop

Don't Miss