Dark
Light
24.01.2026
humaya THE ASHGABAT TIMES
Müşderiniň AŞTU-nyň programma ulgamynda

AŞTU «Uly Gaýa» bilen täze «Smart Goldaw» hyzmatyny işe girizdi

15.06.2024

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) ýörite programma üpjünçiligi hem-de aragatnaşyk torlary arkaly habar beriş howpsyzlyk we gözegçilik ulgamynyň «Smart Goldaw» hyzmatyny girizdi.

AŞTU-nyň 10-njy iýunda beren habaryna görä, häzirki wagtda bu habar beriş howupsyzlyk we gözegçilik ulgamy dolandyryş enjamlaryny, hereketleri belleýji we magnit-kontakt gurluşlary (datçikler) öz içine alýar. Şeýle hem bu ulgama ýangyn duýduryjy, gaz analizatorlary we suw akmasyny anyklaýjy gurluşlary birikdirmäge mümkinçilikler bar.

«Smart Goldaw» hyzmatyny birikdirmek bilen müşderiler islendik ýerdäki binanyň, desganyň, jaýyň gapysynyň, penjiresiniň açylyp-ýapylmagy, desganyň içinde ýa-da töwereginde adam hereketleriniň emele gelmegi, ýangyn howupsyzlygy, suw akmasy, gaz syzdyrmasy ýaly wajyp maglumatlary dessine el telefonyna ýa-da uzak aralykdan gurluşyna (pultyna) kabul edip bilerler.

Bu hyzmat «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ bilen «Uly Gaýa» hojalyk jemgyýetiniň arasynda baglaşylan tabşyryk şertnamasy esasynda ýerine ýetirilýändigini hem bellemek gerekdir. Häzirki wagtda hyzmatyň aýlyk bahasy 50 (elli) manada deň bolup durýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

rgpahufj9ehfm5e0urc0cil82ag1rkcj THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen-Rus uniwersitetiniň, drama teatryň we orta mekdebiň gurluşygy maslahatlaşyldy

mas uny THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen azyk biotehnologlary täze önümleri işläp taýýarlaýarlar

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop