512c355793cde5e5e8ef231a216e87c4 THE ASHGABAT TIMES

«Balkansement» zawody sarp edijilere 312 müň tonna golaý sement hödürledi

22.06.2024

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Balkansement» zawody tarapyndan 2024-nji ýylyň bäş aýynda welaýatyň we ýurduň çägindäki sarp edijilere buýurmalar esasynda 311 müň 400 tonnadan gowrak ýokary hilli sement iberildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň 20-nji iýunda habar bermegine görä, kärhananyň karýer hojalygyndan başlap, çig maly owradyjy, üweýji, bişiriji bölümlerinde, şol sanda sement degirmenlerinde üznüksiz işleriň ähli tapgyrlary awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar.

Sement öndürmek we gurluşyk senagatyny ösdürmek üçin zerur bolan çig mallar «Balkansement» zawodynyň golaýynda ýerleşýän dag-magdan käninden gazylyp alynýar.

Taslama kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply bolan «Balkansement» zawody 2011-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda ulanyşa berildi we ol Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesiniň çäginde ýerleşýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:30 pm, Mar 26, 2025
temperature icon 8°C
пасмурно
Humidity 87 %
Pressure 1025 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:00 am
Sunset Sunset: 7:23 pm
667665746885366 e1719065362977 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde (TDU-da) uçurymlara ak ýol arzuw edildi

tohu hakaton 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TOHU «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» ady bilen hakaton bäsleşigini geçirýär

Soňkylar Habar

Türkmen mugallymlary Rumyniýa iş saparynda

25.03.2025
HYYweÖU-nyň mugallymlary Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde Alba-Iulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetine iş sapary bilen barypdyr. Saparyň möhleti 2025-nji ýylyň 24-28-nji mart aralygynda dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbeýjan stendi bilen tanyşdy

23.03.2025
Türkmenistandaky Berzeňňi şypahanasynda köpçülikleýin agaç ekmekligiň dowamynda däp bolan “Dünýä aşhanasy” bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi tarapyndan gurnalan bu çärä dürli ýurtlaryň diplomatik
GitTop

Don't Miss