Dark
Light
25.01.2026
c8dd6154eb7020e8cc3 THE ASHGABAT TIMES

BMG: Maýlama getirýän El-Ninýo tebigy hadysasy şu ýyl sowuk howa bilen çalşar

06.06.2024

Guramanyň hünärmenleri 2024-nji ýylyň iýun-awgust aýlarynda bitarap şertleriň ýa-da La-Ninýanyň gelmek ähtimallygynyň 50% boljakdygyny çaklaýarlar. Iýul-sentýabr aýlarynda bu ähtimallyk 60%-e, awgust-noýabr aýlarynda – 70%-e çenli ýokarlanar.
La-Ninýa Ýuwaş ummanyň merkezi we gündogar ekwatorial böleginde ummanyň üstüniň temperaturasynyň uly möçberli peselmegi bolup, tropiklerde atmosfera aýlanyşygynyň üýtgemegi bilen utgaşýar. Her bir La-Ninýa hadysasynyň netijesi onuň intensiwligine, dowamlylygyna, pasyllara we beýleki klimat režimleri bilen täsirine baglylykda tapawutlanýar.
Gurama hadysalaryň ikisiniň-de, El-Ninýonyň we La-Ninýanyň global ýylama, adatdan daşary howa şertleriniň ýygylaşmagyna we möwsümleýin ygallaryň hem temperatura režimleriniň üýtgemegine sebäp bolýan klimatyň antropogen üýtgemesi şertlerinde ýüze çykýandygyny belleýär.
Şu ýyl howanyň ýylamagy bilen häsiýetlendirilýän El-Ninýo döwri tamamlanar. Onuň deregine planetanyň käbir sebitlerine, aýratynam, tropiklerde, tersine, sowuk howa getirjek La-Ninýa hadysasynyň gelmek ähtimallygy ýokary. Bu barada BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy habar berýär.
“El-Ninýonyň tamamlanmagy uzak möhletli howa üýtgemelerinde pauzany aňlatmaýar. Biziň planetamyz bug gazlary sebäpli gyzmagy dowam etdirer. Deňiz üstüniň adatdan daşary ýokary temperaturalary geljek aýlarda möhüm rol oýnar, howa bolsa atmosferadaky goşmaça ýylylyk we çyglylyk sebäpli has ekstremal bolar” – diýip, guramanyň Baş sekretarynyň orunbasary Ko Barrett belledi.

Belläp geçsek, La-Ninýanyň 2020-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygyndaky sowuk täsirine garamazdan, soňky dokuz ýyl gözegçiligiň tutuş taryhynda iň ýyly döwür boldy. Häzirki El-Ninýo hadysasynyň iň ýokary derejesi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda boldy we bu tebigy hadysa meteorologiýa gözegçilikleriniň taryhynda iň güýçli bäşisiniň biri boldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çapdan çykdy

211007171916 underscored surface laptop studio lead 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Microsoft korporasiýasy Surface Pro planşetini we Surface Laptop noutbugyny hödürledi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop