BSGG ählumumy howplara garşy göreşmek üçin 11,1 milliard dollarlyk strategiýany kabul etdi

06.06.2024

BSGG-niň baş edarasy bu strategiýanyň “çalt üýtgeýän geosyýasata, ylma we tehnologiýa” uýgunlaşdyrylandygyny aýtdy. Ol alty sany strategiki maksady öz içine alýar:

  • · Howanyň üýtgemeginiň barha artýan howpuna jogap bermek;
  • · Ähli ugurlaryň syýasatynda saglygyň ýaramazlaşmagynyň düýp sebäplerini nazara almak;
  • · Deslapky medisina-arassaçylyk kömegini ösdürmek;
  • · Ilatyň lukmançylyk hyzmatlary bilen gurşalyş derejesini ýokarlandyrmak;
  • · Saglyk üçin töwekgelçilikleriň öňüni almak we azaltmak;
  • · Saglyk goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaýlara çalt jogap bermek.

Şeýle hem BSGG-niň çäklerinde inçekeseli we poliomiýeliti ýok etmek strategiýasyna, ünsden düşen tropiki kesellere garşy göreşiň ýol kartasyna, howanyň üýtgeýän şertlerinde saglygy goramak boýunça çärelere we beýleki möhüm meselelere serediler. Pandemiýanyň öňüni almak baradaky 2021-nji ýyldan bäri işlenip düzülýän şertnama aýratyn üns berler.
BSGG-niň 27-nji maýdan 1-nji iýuna çenli dowam edýän esasy ýyllyk forumyna guramanyň 194 agza döwletinden wekiller çagyryldy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Assambleýanyň 77-nji mejlisine gatnaşmagy baradaky meselä owal Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew bilen BSGG-niň baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesusyň arasynda geçirilen gepleşiklerde ylalaşylypdy.

TASS habar berýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:38 am, Sep 19, 2024
temperature icon 15°C
небольшая облачность
Humidity 58 %
Pressure 1018 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

Bugatti Chiron 55 1 of 1 görnüşinde ýeke-täk nusgasy

Next Story

Şweýsariýada ýygnalýan köpri oýlap tapdylar

Soňkylar Habar

GitTop