Dark
Light
04.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

ÇEHIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

05.06.2024

2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Lýubomir Frebortdan Ynanç hatyny kabul etdi. 

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan jenap Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmek, türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak durmuşa geçirilýän özgertmeleriň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, durmuş syýasatynyň esasy meselelerine aýratyn üns çekildi. 

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem parlament derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmekde gazanylýan netijeleriň  ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Çehiýa Respublikasynyň Ilçisi iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

turkmen esgerlerinin durmusyndan bir gun THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

zpzzxmgy9amlo6laczlbnt1wnzjxbcqrd4x6acny THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop