Dark
Light
26.01.2026
8029017 400 0 1200 800 1920x0 80 0 0 b38497b7f9999c819584e5984203b321 e1719687594579 THE ASHGABAT TIMES

Daşkentde türkmen-özbek toparynyň, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisleri geçiriler

30.06.2024

2024-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlislerini geçirmegiň teklip edilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer türkmen-özbek toparynyň, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisleriniň çäginde «Türkmenistanda öndürilen» atly ýurduň harytlarynyň milli sergisini geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu çäreleri ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edilen 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna («Ýol kartasy») laýyklykda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji mejlisine, türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy we ýurduň harytlarynyň milli sergisini hem guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekildi.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

f45ba1f7d066a9579ac6512167870765 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa saparynyň çäklerinde Türkmenistana geler

ypmg 8 1 e1719742347807 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri 4-nji gün II bölüm

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss