ed sheeran w3r 344x344 1 THE ASHGABAT TIMES

Ed Şiran “wagtyny gözegçilikde  saklamak üçin” 10 ýyl bäri smartfonsyz ýaşaýar

11.06.2024

“Takmynan 15 ýaşymdan bäri men şol bir telefon belgini ulanýardym. Indem men meşhur boldum, telefonymda 10 müň töweregi kontakt bardy we şol adamlaryň hemmesi maňa mydama zat ýazýardy, menem olara hemişe bir zatlar diýip jogap bermeli bolýardym ” – diýip, ol ýatlaýar.

Şiran özüni hemmä jogap bermäge borçly hasaplaýandygyny, munuň bolsa onuň wagtyny alyp,  ýakynlary bilen doly derejeli gatnaşyk saklamaga päsgel berýändigini aýtdy.

“2015-nji ýyldan bäri mende telefon belgi ýok. Ýakynda “Boston Seltiks” oýnuna gidenimde özümi surata düşürmek üçin maňa telefon berdiler, ýöne şondan soň men ony ulanmadym ” – diýip, sazanda sözüniň üstüni ýetirdi.

Häzirki wagtda Şiran diňe iPad we e-poçta ulanýar.

“E-poçta seretmek üçin günde bir sagat wagt aýyrýan, köplenç, ony ulagda otyrkam barlaýaryn. Hatlary saýhallaýaryn we jogap ýazýaryn. Bu maňa wagtymy gözegçilikde saklamagy aňsatlaşdyrýar. <…> Onsoňam aragatnaşyk medeniýetinde şeýle tapawut hem bar, hiç kim poçta boýunça gyssagly jogap berilmegine  garaşmaýar. WhatsApp-da haty okan wagtyň bellijek peýda bolýar, haty bolsa özüňe  amatly wagtda ýazyp ýa-da okap bilýärsiň, esasy zat – jogap berseň bolany ”- diýip Şiran sözüni jemleýär.

Mundan başga-da, sazanda ýekeligiň özi üçin peýdalydygyny aýdýar: aýalyna restoranda ýa-da uçara münülende garaşýarka, sosial ulgamlary sahaplamak üçin telefonyna girmeýär, özi bilen ikiçäklikde galýar we aýdymlary üçin täze pikirleri gözleýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:56 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 93 %
Pressure 1023 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
db361b3c 3431 4d6c 881f 7052cd8eee2a THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Fransiýada 2000 ýyllyk syrly mazarlar tapyldy

347127452773215 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Amerikan kino akademiýasy kaskadýorlar üçin “Oskar”döretmegi ara alyp maslahatlaşýar

Soňkylar Dünýä habarlary

Russiýa esasy kofe üpjün edijisini üýtgetdi

17.02.2025
Şu ýylyň ýanwarynda Braziliýa Russiýa kofe üpjünçiligini ep-esli artdyrdy, Wýetnamdan üpjünçiligiň azalmasyny öwezini dolup. Milli statistika hyzmatlarynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa esasy üpjün ediji bolýar.
GitTop