Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda mukaddes Gurban baýramy mynasybetli medeni çäre boldy

19.06.2024

2024-nji ýylyň 17-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezinde Gurban baýramy mynasybetli medeni çäre geçirildi. Medeniýet merkezi  tarapyndan guralan çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi, jenap Ali Mojtaba Ruzbahani, hormatly myhmanlar, merkeziň pars dilini öwrenijileridir mugallymlary hem-de Eýranyň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlary gatnaşdylar.

Medeni çäräniň açylyşynda jenap Nawid Rasuli çykyş etdi:

«Gurban baýramy dünýäniň dürli sebitlerinde, şol sandan Eýranda we Türkmenistanda hem uly dabaralar hem däp-dessurlar bilen bellenilýär. Bu baýramçylykda her sebitiň ýaşaýjylarynyň ajaýyp däp-dessurlaryny görmek bolýar. Muňa garamazdan, olar Gurban baýramyny bellemegiň gadymy däp-dessurlary esasynda biri-birine diýseň meňzeşligi bilen tapawutlanýar».

Çäräniň dowamynda Eýram Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi Gurban baýramy barada taýýarlanan wideoşekilleri görkezildi we pars dilini öwrenijiler tarapyndan goşgulardyr sahna oýunlary ýerine ýetirildi.

Şeýle-de, pars dilini öwrenijileriň ýerine ýetirmeginde pianinodaky sazlar dabara aýratyn öwüşgün çaýdy.

Eýram Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň birinji gatynda bu ýere gelen myhmanlara hödür-kerem edildi.

loader-image
Ashgabat
7:03 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
ясно
Humidity 100 %
Pressure 1021 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Türkmen ilçisi Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Next Story

Türki dünýäsiniň ýaş suratkeşleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijileri belli edildi

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss