Dark
Light
25.01.2026
db361b3c 3431 4d6c 881f 7052cd8eee2a THE ASHGABAT TIMES

Fransiýada 2000 ýyllyk syrly mazarlar tapyldy

11.06.2024

Galyndylar b.e öňki 100-nji we b.e.100-nji ýyllary aralygynda, ýagny rimlileriň Galliýany basyp alan döwrüne degişlidir. Atlar juda tertipli, sag gapdallygyna, kelleleri günorta tarap edilip, iki gatbar we iki göni hatarda jaýlanypdyr.

“Olar gal atlaryna mahsus bolan ýally, boýy 1,20 metr bolan kiçijik atlar. Olaryň hemmesi erkek we dört ýaşdan uly “-diýip,  INRAP-yň habarynda aýdylýar.

Alymlar bu jaýlanyşyň şol döwür üçin adaty däldigini bellediler. Mallaryň epidemiýa sebäpli ölendigi bilen bagly çaklama ret edildi: atlaryň hemmesi uly aýgyrlardy, içinde baýtal we taýçanak ýokdy. Barlagçylar gurban kesmek baradaky çaklamany göz öňünde tutýarlar, ýöne olaryň pikiriçe, bir wagtyň özünde şonça gymmatly haýwan öldürilen bolsa, diýmek şeýle çäre möhüm ähmiýetli bolmaly. Bu sürä uly ýitgi bolardy.

Atlaryň Galliýa söweşleri wagtynda ölen bolmagy has ähtimal. Radiouglerod derňewi haýwanlaryň hut şu döwürde ölendigini tassyklaýar. Barlagçylar tertipli  mazarlar – söweş atlaryna hormat bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar.
Gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Alymlar atlaryň ölüminiň sebäbini bilmek we 2000 ýyllyk jaýlanyşyň syryny açmak üçin goşmaça barlaglar geçirmegi meýilleşdirýärler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

110622 16 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň 3 welaýatynda bugdaý oragyna girişildi

ed sheeran w3r 344x344 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ed Şiran “wagtyny gözegçilikde  saklamak üçin” 10 ýyl bäri smartfonsyz ýaşaýar

Soňkylar Dünýä habarlary

Amazon

Amazonyň paýdarlary AWS-e daýanýar

21.01.2026
Amazon.com Inc. kompaniýasynyň maýa goýujylary, soňky ýyllarda “Big Tech” bäsdeşlerinden yzda galan paýnamalaryň ýene-de bazar liderligini dikeldip biljekdigine ynanýarlar. Optimistik garaýyş esasan Amazon Web
GitTop