Dark
Light
03.01.2026
blaise pascal THE ASHGABAT TIMES

Galileýiň döwürdeşleriniň ylmy garaýyşlary

10.06.2024

Onuň köp işleri çap edilmän galdy. Torriçelli mehanikanyň ballistika bilen galtaşýan çäginde köp işleri etdi. Torriçelli gorizonta erkin burç boýunça zyňlan jisimleriň traýektoriýasynyň parabolik häsiýetde bolýandygyny we ballistikanyň beýleki teoremalaryny kesgitledi. Bu işler gorizonta burç boýunça zyňlan jisimleriň hereketi baradaky peripatetikleriň garaýyşlaryny bütinleý inkär etdi.

Torriçelliniň esasy üstünligi atmosfera basyşyny açanlygydyr (1643 ý.). Tor-riçelli simap bilen doldurylan turbany onuň açyk ujy boýunça içi simaply gaba goý-berdi. Şunlukda, turbadaky simabyň derejesi peseldi, simabyň üstünden ýokarda boşluk emele geldi. Emele gelen bu «torriçelli giňişliginiň» (wakuumyň) döreýşi şeýle düşündirildi: gapdaky simabyň üstündäki basyş turbadaky simap sütüniniň agramy bilen deňagramlaşýar. Bu sütüniň deňiz derejesinden beýikligi 760mm deň boldy. Barometr şeýle oýlanyp tapyldy. Ol simap, suw we spirt barometrleri bilen köp tejribeleri geçirdi, diwarynda yş bolan gapdan akýan suwuklygyň tizligini kesgitleýän formulany getirip çykardy, suw çüwdüriminiň tizligini hasaplamak üçin formulany hödürledi. Torriçelli ilkinji gezek ýe-liň atmosfera basyşynyň tapawudy netijesinde döreýän howa akymlarynyň hereketi sebäpli döreýändigini aýt-dy. Torriçelli bilen italýan fizikasynyň «altyn asyry» tamamlandy.

Torriçelliniň atmosfera basyşy baradaky açyşy alymlarda güýçli gyzyklanma döretdi. Dekart atmos-fera basyşyny dürli beýikliklerde ölçemekligi teklip etdi. Bu ideýany fransuz matematigi, fizigi we filoso-fy Blez Paskal (1623–1662 ý.) amala aşyrdy. Ol dagyň eteginde we depesinde howanyň ba-syşyny ölçäp, beýikligiň artmagy bilen basyşyň ke-melýändigini kesgitledi. Paskalyň we Torriçelliniň tejribelerinden ylmy meteorologiýa döredi.

Paskal gidrostatikanyň esasy kanunyny, ýagny Paskalyň kanuny diýip atlandyrylýan kanuny hem döretdi: daşky güýçler tarapyndan suwuklygyň üstüne edilýän basyş, suwuklyk tarapyndan ähli ugurlara birmeňzeş geçirilýär. Gidrawlik pressiň işleýşi şuňa esasla-nandyr. Şeýle hem Paskal tarapyndan gatnaşykly gaplar baradaky kanun hem döredildi.

Muhammetmyrat DÖWLETMYRADOW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

65dcbeff 90f4 46cf a8af 35d9ca45b940 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Disneý 100” şowhuny

prinicipia title THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nýutonyň «Natural filosofiýanyň matematiki başlangyçlary» atly ylmy işiniň ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop