Dark
Light
24.01.2026
tm cult kz 1 THE ASHGABAT TIMES
Surat: gov.kz

Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy

25.06.2024

2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda Gazagystanyň Astana şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçihanasyny habar berýär.

Açylyş dabarasynda Magtymguly Pyragynyň «At istärin» diýen eserine esaslanýan «Istärin» çeper filminiň görkezilişi boldy. Ýeri gelende belläp geçsek, film Arslan Eýeberdiýewiň režissýorlyk etmeginde düşürildi.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna iki ýurduň döwlet edaralarynyň wekilleri, döredijilik, jemgyýetçilik we ylmy wekilleri gatnaşdy.

Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we maglumat ministriniň orunbasary Erbol Alikulow öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýetine ünsi çekdi we beýik akyldaryň ruhy mirasynyň tutuş türk dünýäsiniň dostlugyny hem parahatçylygyny alamatlandyrýandygyny belledi.

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Gazagystanyň Milli akademiki kitaphanasynda «Magtymguly» atly ýygyndynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolar. Şeýle hem, günüň dowamynda Kalibek Kuanyşbaýew adyndaky Gazagystanyň milli aýdym-saz we drama teatrynda Türkmenistanyň halk amaly-haşam sungatlarynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi hem-de gala-konserti guralar.

Mundan daşary, 2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Hekim Alowowyň režisýorlyk etmeginde düşürilen «Gyzyl alma» çeper filminiň, «Dana» atly monospektaklyň we türkmen milli geýimleriniň görkezilişi bolar.

2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda geçiriljek çäreler iki ýurduň ussatlarynyň gatnaşmagynda gala-konserti bilen tamamlanar. Medeniýet günleriniň geçirilmegi Gazagystanyň halky üçin Türkmenistanyň baý medeni mirasy bilen tanyşmaga döredilen ajaýyp mümkinçilikdir.

posol turkmenistana rasskazal o novoj glave v dvustoronnih otnosheniyah THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Arap neşirinde türkmen ilçisiniň Katar bilen gatnaşyklaryň ähmiýeti baradaky makalasy çap edildi

1719316324102975103 1000 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda «Dokmaçylar» medeni merkezi açyldy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss