belgiya forum THE ASHGABAT TIMES
Аграрный форум Туркменистана, 10-14 июня, 2024 г., Амстердам, Нидерланды (Фото: Посольство Туркменистана в Бельгии)

Golland kompaniýalary Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçiliklerini öwrendiler

18.06.2024

Niderlandlar Patyşalygynda 2024-nji ýylyň 10 – 14-nji iýunynda geçirilen «Green Tech Amsterdam 2024» halkara sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk maslahaty geçirildi. Onuň barşynda golland kompaniýalary Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçiliklerini öwrendiler. Bu barada «Biznes Türkmenistan» habar berýär.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu çärä Niderlandlar Patyşalygynyň we Türkmenistanyň işewür toparlarynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň hem-de ýurduň ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ilçisi Sapar Palwanow ýurduň häzirki ykdysady ýagdaýy, daşary ýurt maýadarlary we kompaniýalary üçin döredilýän işewürlik gurşawy we şertleri barada çykyş edip, hususy pudaga we daşary ýurt maýa goýumlaryny ýurda çekmäge berilýän goldawlar barada nygtady.

Şeýle hem çärede “Ýigit” kompaniýasynyň wekili Joşgun Kerimow çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan berilýän goldawlara we döredilýän mümkinçiliklere ünsi çekip, kompaniýanyň çalt depgindäki ösüşi, onuň öz önümlerini 10 ýurtda eksport edýändigi hem-de eksport işini giňeltmek we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça meýilnamalary barada gürrüň berdi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar oba hojalyk pudagyny ösürmäge gyzyklanma bildirýän golland kompaniýalarynyň we institutlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistana ýörite oba hojalyk saparlaryny guramagyň zerurlygy barada aýtdylar.

Suratlar: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy

loader-image
Ashgabat
9:33 pm, Mar 25, 2025
temperature icon 9°C
небольшой проливной дождь
Humidity 81 %
Pressure 1026 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:02 am
Sunset Sunset: 7:22 pm
birza THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy

wco 2 180624 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen ilçisi Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Soňkylar Habar

Türkmen mugallymlary Rumyniýa iş saparynda

25.03.2025
HYYweÖU-nyň mugallymlary Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde Alba-Iulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetine iş sapary bilen barypdyr. Saparyň möhleti 2025-nji ýylyň 24-28-nji mart aralygynda dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbeýjan stendi bilen tanyşdy

23.03.2025
Türkmenistandaky Berzeňňi şypahanasynda köpçülikleýin agaç ekmekligiň dowamynda däp bolan “Dünýä aşhanasy” bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi tarapyndan gurnalan bu çärä dürli ýurtlaryň diplomatik
GitTop

Don't Miss