Barlagçylar, suratlar uzakdan görner ýaly, olaryň bilgeşleýin şu ýerde çekilendigine ynanýarlar.
Barlagyň esasy ýolbaşçysy, Angliýanyň Bornmut uniwersitetiniň arheologiýa we palaeo-daşky gurşawy modelirleme ugrundan uly mugallymy Filip Riris: “Suratlaryň bir düşündirişi – olar öz çägiňi bellemek üçin hyzmat edipdir. Bu özüňe degişli ýeri bellemegiň we oňa bolan hukuklaryňy mälim etmegiň bir usuly bolupdyr” diýýär.
Monumental haşamlaryň uzynlygy 42 metre ýetýän iň ulusyny kimiň döredenligi henizem syr bolup galýar. Käbir temalar we mazmunlar, şol sanda gömülgenleriň, anakondalaryň we beýleki ýylanlaryň gaýtalanýan şekilleri asly ýerli halklaryň miflerinde we ynançlarynda möhüm orun tutupdyr.
“Anakondalar we gömülgenler bu sebitde ýaşaýan käbir taýpalaryň arasynda dörediji hudaý bilen baglanyşyklydyr. Ýylanlaryň ölüm howplydygy düşnükli. Ähtimal, şeýtmek bilen adamlar kesekilere howply ýere aýak basýandyklaryny duýdurmak isländirler “- diýip Riris düşündiriş berýär.
Aýratynam, öňki gazuw-agtaryş işleri wagtynda şol sebitden tapylan, kelleçanagyň ýüzüne çyzylyp çekilen suraty ýada salýan uly ýylanyň şekili barlagçylaryň ünsüni özüne çekdi. Onuň şahy, towlam-towlam guýrugy bar, beýleki öwrenilen, gowaga çekilen suratlarda şekillendirilen Serro-Palomason ýylanyna meňzeş egrem-bugram.
Depäniň eňňidindäki gowakdan tapylan kiçiräk gapyrjak şonuň ýaly ýylan bilen bezelipdir. “Belki, ony çeken gaýada gören zatlaryny göçüren bolsa gerek. Ýöne men onuň gaýadaky şekilleri çekenler bilen bir wagtda ýaşandygyny süňňüm bilen duýýaryn “- diýip bilermen belleýär.
Gaýa sungatynyň ýaşy takmynan 2000 ýyl. Bu ýerleriň köpüsi barlagçylara eýýäm tanyş hem bolsa, karta salmak taslamasynyň dowamynda gadymy suratly ýene birnäçe täze ýerler açyldy. Hünärmenler gaýa çekilen ägirt uly nagyşlaryň şeýle köp üýşen ýeriniň dünýäniň başga hiç ýerinde ýokdugyny tassyklaýarlar.
Live Science habar berýär.