HALKARA ONLAÝN WIKTORINANYŇ ÝEŇIJILERI SYLAGLANYLDY

13.06.2024

2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda — Ylymlar gününde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen «Magtymguly diýip adym tutsalar…» atly halkara onlaýn wiktorinanyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen halkara onlaýn wiktorina akyldar şahyrymyzyň ömrüne we dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen döredijiligine bagyşlandy. Wiktorina gatnaşmak üçin ýurdumyzyň hem-de dünýä döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň 500-den gowragy hasaba alyndy.

Degişli düzgünnama laýyklykda, wiktorina akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň özboluşly şahyrana we baý edebi mirasynyň gadyr-gymmaty hem-de daşary ýurtly tanymal ýazyjy-şahyrlaryň Magtymguly Pyragy barada aýdanlary, şeýle hem beýik akyldaryň öňe süren umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer ýörelgeleri barada ýazan goşgulary, terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlary bilen baglanyşykly üç dilde (türkmen, rus we iňlis) taýýarlanan test sowallary esasynda geçirildi. Ýeňijiler jogaplaryň dogrulygyna hem-de testi sowallara jogap bermek üçin sarp eden wagtyna görä kesgitlenildi. Şeýlelikde, oňa gatnaşyjylaryň 35-si ýeňiji diýlip ykrar edildi. Olaryň altysy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr.

Halkara onlaýn wiktorinada türkmen diplomatiýasynyň milli ýokary mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary iň ýokary netije görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplarynyň altsysy, has takygy — Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary: Serdar Rahymow, Şyhdurdy Şyhyýew, şeýle hem Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary: Dünýägözel Çaryýewa, Mätgurban Mätgurbanow, Batyrmuhammet Orazow, Jahantäç Öwezowa dagylar ýeňiş gazandylar. Ýeňijilere Hormat hatlary hem-de türkmen milli halysy bilen bilelikde ýakynda çapdan çykan kitap, Magtymguly Pyragynyň diwany dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:36 am, Sep 20, 2024
temperature icon 21°C
облачно с прояснениями
Humidity 37 %
Pressure 1017 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Hindi şereketleriniň 30-dan gowragy Türkmenistana gyzyklanma bildirýärler

Next Story

TDIM-niň HGI-de küşt ýaryşy geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop