Hindi şereketleriniň 30-dan gowragy Türkmenistana gyzyklanma bildirýärler

13.06.2024

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň edara binasynda agentligiň ýolbaşçylarynyň hem-de Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi Madhumita Hazarika Bhagatynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ilçi hindi şereketleriniň 30-dan gowragynyň Türkmenistana gelip görmäge we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşmaga isleg bildirýändiklerini beýan etdi.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň habar bermegine görä, taraplar deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyny, şeýle-de, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň ýükleri üstaşyr geçirmekde Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesinde möhüm ornunyň bardygy bellenildi.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri tarapymdan hindi tarapyna Türkmenbaşy Halkara deňiz porty dolandyrmakda tejribe alyşmak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip edildi.

Ozaldan mälim bolşy ýaly, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň umumy meýdany 150 gektardan gowrak bolup, onuň umumy ýyllyk kuwwatly 17 million tonna ýük, şol sanda 300 müň ýolagçy, 75 müň ýük awtoulagy, 400 müň TEU konteýneri, 3 million tonna ürgün ýükleri we nebit önümlerini hasaba almazdan 4 million tonna umumy ýükleri geçirmäge ukyplydyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:58 am, Nov 10, 2024
temperature icon 7°C
переменная облачность
Humidity 87 %
Pressure 1029 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 32%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:41 am
Sunset Sunset: 5:59 pm
Öňki taryh

Lebaply daýhanlar 20 müň tonna golaý ýeralma hasylyny ýygnadylar

Next Story

HALKARA ONLAÝN WIKTORINANYŇ ÝEŇIJILERI SYLAGLANYLDY

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

08.11.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi

Nusgalyk şäher

04.11.2024
Aziýanyň merjeni bolan “Arkadag” şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda Arkadag şäheriniň giňemeginde gurluşyk meýdançalaryň geriminiň giňemegi halkymyzyň dünýä

Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

02.11.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

01.11.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
GitTop