Dark
Light
24.01.2026
tlsahgg THE ASHGABAT TIMES

Lebaply daýhanlar 20 müň tonna golaý ýeralma hasylyny ýygnadylar

13.06.2024

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň daýhanlary 2024-nji ýylda 1 müň 400 gektar ýerde ýazlyk ýeralma ekip, ondan 19 müň 778 tonna ýeralma hasylyny aldylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty 12-nji iýunda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, her bir gektaryň hasyllylyk derejesi 143 sentnere golaýlady.

Şu möwsümde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda 480 gektar ýerde ýeralma ekilip, ondan 6 müň 735 tonna, Dänew etrabynda 350 gektar ýerden 4 müň 960 tonna, Saýat we Halaç etraplarynda degişlilikde 300 hem-de 130 gektar ýerde ýeralma ekilip, ondan 4 müň 247 we 1 müň 857 tonna hasyl alyndy.

Ýygnalan ýeralma hasyly bazarlarda we dükanlarda alyjylara elýeterli bahalardan hödürlenýär we onuň galan bölegi bolsa «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginde degişli ýöriteleşdirilen sowadyjy ammarlara iberildi diýip, habarda bellenilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň gündogar sebitinde şu ýyl sogan, pomidor, hyýar, kelem, käşir ýaly gök önümler hem-de bakja ekinleri ekilip, ondan bol hasyl almaklyk meýilleşdirilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1716696676143546360 300 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda

hindi ilci THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hindi şereketleriniň 30-dan gowragy Türkmenistana gyzyklanma bildirýärler

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop