Dark
Light
24.01.2026
1718971256599921689 1000 e1719030297152 THE ASHGABAT TIMES

Magtymguly adyndaky TDU-da mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşik geçiriler

22.06.2024

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 24-25-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mekdep okuwçylaryň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşigiň geçirilýändigini yglan edýär. 

Bäsleşik Türkmenistanyň  Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 20-nji iýunyndaky 218 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Mekdep okuwçylaryň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşigi geçirmegiň düzgünnamasyna» laýyklykda guralar. Bu düzgünnama laýyklykda, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden saýlanan 110 sany 6-14 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary gatnaşarlar. Olar bäsleşigiň birinji gününde mental arifmetikanyň «Zehin senenamasyny hasaplamak», «Mental kwadrat kök (alty belgili) almak», «Ýatdan goşmak», «Ýatdan köpeltmek (8×8)» görnüşleri boýunça zehinlerini synarlar. Bäsleşigiň ikinji gününde okuwçylar mental arifmetikanyň «Flash Anzan marafony» görnüşi boýunça zehinlerini we ukyplaryny görkezerler

Şeýlelikde, 25-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňijiler yglan ediler we degişli diplomlar bilen sylaglanar.

348fb144c0bf5f2fa61f1029a27368e8 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Oba hojalyk pudagyndaky ýetilen sepgitler

bildiris THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabat meşhur «Hor Tureskogo» toparynyň konsertine garaşýar

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss