Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde (TDU-da) uçurymlara ak ýol arzuw edildi

22.06.2024

2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň bu baýry ýokary bilim ojagyny 2023-2024-nji okuw ýylynda tamamlaýan uçurymlaryň gutardyş dabarasy geçirildi.

Gündogaryň beýik akyldarynyň we nusgawy şahyrynyň adyny buýsanç bilen göterýän ýokary okuw mekdebini söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýän ýylda hünärleriň 30-sy boýunça 1 müň 521 uçurym tamamlaýar. Olaryň 1 müň 461-si hünärmen, 40-sy bakalawr, 20-si magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilime eýe boldular. Uçurymlaryň 94-si bolsa tapawutlanan diploma mynasyp görüldi.

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaş hünärmenleriň ýene-de bir tapgyry dabaraly ýagdaýda zähmet ýoluna ugradylar. Uçurymlara ak ýol arzuwlamak maksady bilen guralan dabara ýurdumyzyň ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerinden, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň alymlaryndan ybarat Jemleýji döwlet synag toparlarynyň başlyklary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we uçurymlary gatnaşdylar.

Ilki bilen çykyşlara orun berlip, olaryň dowamynda 90 ýyldan gowrak wagt bäri ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlaryndan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant goşýan baýry ylym-bilim ojagynda talyplaryň bellenen dersler boýunça döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyryp, özleşdiren bilimleriniň, hünär başarnyklarynyň netijesini görkezýändiklerine üns çekildi. Hususan-da, uniwersitetde tamamlaýjy möwsümde jemleýji döwlet synag toparlarynyň 16-synyň işleýändigi aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, uçurymlar«Häzirki zaman türkmen jemgyýeti» hem-de hünär dersinden döwlet synaglaryny tabşyryp, diplom işlerini goraýarlar. Synaglaryň talyplaryň hem-de magistrleriň ýyllaryň dowamynda ele alan bilim-başarnygyny, özleşdiren ylmy dünýägaraýşyny bahalandyrmaga ýardam edýär. Şonuň ýaly-da, söz sözlänler hünärmenleriň täze nesliniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly hem netijeli zähmet çekjekdiklerine ynam bildirdiler.

Dabarada tapawutly we göreldeli okan, döwlet hem-de halkara derejesinde ders, ylmy-taslama, döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiş gazanan, sport ýaryşlarynda, medeni-jemgyýetçilik çärelerinde işjeňlik görkezen uçurymlara rektorlygyň Minnetdarlyk hatlary, uniwersitetiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýokary okuw mekdebiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň höwesjeňleriniň hem-de uçurym talyplaryň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazlar, tanslar, okalan goşgular bu ýere gelenlere ruhy lezzet paýlady.

loader-image
Ashgabat
8:35 pm, Sep 19, 2024
temperature icon 24°C
облачно с прояснениями
Humidity 31 %
Pressure 1017 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy

Next Story

«Balkansement» zawody sarp edijilere 312 müň tonna golaý sement hödürledi

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss