Dark
Light
24.01.2026
1719042563971791790 1 THE ASHGABAT TIMES

Fotoreportaž: Medeniýet hepdeligi Arkadag şäherinde badalga aldy

22.06.2024

Şu gün — 22-nji iýunda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň dabaralary başlandy. Öňümizdäki birnäçe günüň dowamynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ähli welaýatlardan gelen döredijilik işgärleri Arkadag şäherine ýygnandy.

Hususan-da, meşhur teatr hem sungat işgärleri, estrada we halk ýerine ýetirijileri, muzeý hem kitaphana hünärmenleri, suratkeşlerdir şahyrlar, professional ansambllardyr meşhur halk döredijiligi we etnografiki toparlary tomaşaçylara joşgunly medeni meýilnamalaryny hödürlärler. Medeniýet hepdeligi 27-nji iýuna çenli dowam eder.

Ýaş aýdymçylaryň we sazandalaryň konsertleri, suratlaryň sergileri, bezeg hem amaly sungatynyň eserleri, neşir önümleri we muzeý eksponatlary, fotosuratlar, film görkezilişleri hem-de hepdeligiň dowamynda guralan şygyr agşamlary milli medeniýetimiziň dürli taraplaryny açyp görkezer.

Şu ýylky Medeniýet hepdeliginiň dabaralarynyň çäginde «Kompozitor» çeper filminiň hem-de Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Älem Nury» pýesasynyň ilkinji görkezilişiniň guralmagyna garaşylýar. Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki «Göroglynyň döreýşi» atly teatrlaşdyrylan sirk çykyşlary bilen ildeşlerimizi begendirer.

Medeniýet hepdeliginiň çäginde şygryýet agşamlary guralar we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri sylaglanar.

27-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ýadygärlige gül desselerini goýmak dabarasy geçiriler.

1719039907816881617 1000 2 THE ASHGABAT TIMES
1719034928921543583 1000 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMGÖM türkmen ýaşlary bilen gatnaşygy giňeldýär

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss