Microsoft korporasiýasy Surface Pro planşetini we Surface Laptop noutbugyny hödürledi

06.06.2024

Surface Pro zarýad bermesiz 14 sagada çenli işläp bilýär. 13 dýuým ekranly Surface Pro 1000 dollar bilen bahalandyrylýar. Flex Keyboard klawiaturasy topluma girmeýär we ol stilus bilen bilelikde 450 dollara düşýär.
Tanyşdyrylyşda hödürlenen ýene bir gurluş Microsoft Surface Laptop 6 noutbugy boldy. Bu gurluş hem Qualcomm Snapdragon X Elite prosessorynda işläp, doly zarýad bilen 22 sagada çenli işläp bilýär. Bu Surface noutbuklarynyň öňki neslinden 80% tizdir. Model 13,8 dýuým we 15 dýuým ekranly iki görnüşde elýeterli bolar. Birinjisi üçin baha 1000 dollardan, ikinjisi üçin 1200 dollardan başlaýar.
Kompýuterleriň täze eýýamy birnäçe emeli aň funksiýalaryny hödürleýän Copilot Plus-yň girizilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu funksiýalaryň arasynda ulanyjynyň kompýuterdäki hereketi boýunça gözleg, tekst beýany boýunça şekil döretmek, wideo üçin subtitrleri döretmek we beýlekiler bar.

Microsoft korporasiýasy täze Microsoft Surface hatarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirip, emeli aňly kompýuterleriň täze eýýamynyň başlanandygyny habar berdi. Korporasiýa Qualcomm Snapdragon X Elite prosessorynda işleýän täze Surface Pro planşetini hödürledi. Täze planşet gurluşyň öňki neslinden 90% tiz boldy. Şeýle-de, ilkinji gezek modelde OLED ekrany ulanylýar. Kompýuter hem korpusa birikdirilen ýagdaýda, hem gönüden-göni birikmesiz ýagdaýda işläp bilýän täze çeýe klawiatura bilen gabat gelýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:58 pm, Sep 16, 2024
temperature icon 28°C
небольшая облачность
Humidity 21 %
Pressure 1012 mb
Wind 11 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:49 am
Sunset Sunset: 7:13 pm
Öňki taryh

BMG: Maýlama getirýän El-Ninýo tebigy hadysasy şu ýyl sowuk howa bilen çalşar

Next Story

Gökdere jülgesi çagalaryň şatlyk-şowhunlaryna beslendi

Soňkylar Dünýä habarlary

Hytaýda täze taslamaly otly synagdan geçirildi

09.08.2024
Hytaýda täze ýokary tizlikli magnit yşykly otly synagdan geçirildi diýip, Sinhua agentligi habar berýär. Synaglar ýurduň demirgazygyndaky Şansi welaýatynyň Datong şäherinde geçirildi, bu taslamany
GitTop