61e7b71c9a5de4cc199e1a0695341ca2 THE ASHGABAT TIMES

Morfologiýa merkeziniň ýeten sepgitleri

02.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen 2016-njy ýylyň  iýul aýynyň 21-ne dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty  ministrliginiň Morfologiýa merkezi açylyp ulanylmaga berildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty  ministrliginiň Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasy(MKLE) Morfologiýa merkeziniň düzüminde wajyp  hem aýratyn ähmiýetli edara bolup, onuň esasy wezipeleri hukuk goraýjy we beýleki ýöriteleşdirilen edaralardyr guramalaryň lukmançylyk, biologiýa, himiýa, kriminalistika ýaly ulgamlarynda ýöriteleşdirilen bilime  daýanyp, ylmy  taýdan esaslandyrylyp ýüze çykýan dürli  meseleleriniň takyk we dogry çözgüdini tapmakdan ybaratdyr. Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasy köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesine laýyklykda  kazyýet-lukmançylyk bilermenlik işini ýokary derejede gurnamak we amala aşyrmak wezipesini ýerine ýetirýär.

Şeýle hem Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasy Türkmenistanyň SG we DSM kazyýet-lukmançylyk ylmy-bilermenlik ugry boýunça alyp baryjy edarasy bolmak bilen kazyýet-lukmançylyk seljermelerini geçirmekligiň hukuk binýadyny, ylmy-usulýet üpçünçiligini, kazyýet-lukmançylyk bilermenlerini taýýarlamagy we hünärini ýokarlandyrmagyny amala aşyrýar. Geçirilýän seljermäniň aýratynlygyna we çylşyrymlylygyna laýyklykda MKLE-synyň barlaghanalary Agilent Technologies, Thermo fisher, Kern, Leica we ş.m. ýaly   halkara şereketleri tarapyndan işlenip düzülen iň häzirki zaman usulyýetler bilen üpçün edilendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ähli barlaghanalaryň işini halkara standartlaryna laýyklykda guramak baradaky işlere badalga berildi. Şeýlelikde MKLE-synyň barlaghanalarynyň işiniň hereket edýän halkara ISO/IEC 17025:2017 standartyna laýyk getirmek zerurlygy ýüze çykdy.

BMG-nyň neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň guramaçylygynda “Türkmenistanda kazyýet-lukmançylyk işini kämilleşdirmek” barada 2019-njy ýylda kazyýet lukmançylygynyň meselelerine bagyşlanan ilkinji pudagara maslahat geçirildi. Bu maslahatyň netijesinde MKLE-synyň barlaghanalaryny ISO/IEC 17025:2017 halkara standartyna laýyk getirmeklige gönükdürilen işlerine girişmek boýunça pudagara maslahatynyň çözgüdi kabul edildi.  

Kazyýet-himiýa barlaghanasy MKLE-synyň esasy düzüm birlikleriniň biri bolmak bilen onuň wezipelerine zäherli, narkotiki, seri dumanladýan güýçli täsir ediji maddalary, şeýle hem biologiki obýektlerde olaryň metabolitlerini anyklamaklyga gönükdirilen  aýratyn çylşyrymly himiki-toksikologiki barlaglary amala aşyrmaklyk degişli bolup durýar. Geçirýän seljermeleriniň aýratynlyklaryna we giň göwrümliligine laýyklykda kazyýet-himiýa barlaghanasy himiki-toksikologiki barlaglary geçirip takyk netijeleri almaklyga gönükdirilen häzirki zaman enjamlaryň 100-den gowrak görnüşleri bilen üpçün edilendir. MKLE-synda doly derejede ornaşdyrylan halkara standartlara laýyk gelýän häzirki zaman enjamlarda seljermeleri geçirmek üçin «Seda medical» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri kazyýet-himiýa barlaghanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde täze usuly gollanmalar, gözükdirijiler we düzgünnamalar işlenip taýýarlanyldy.

2019-njy ýylyň noýabr aýynda BMG-nyň neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýardam bermeginde MKLE-synyň kazyýet-himiýa barlaghanasynyň hünärmenleri Litwa respublikasynyň halkara akkreditasiýaly kriminalistiki we kazyýet-lukmançylyk seljermeler Merkezleriniň guramaçylygy bilen tanyşmak we  tejribe alyşmak maksady bilen iş saparyny amala aşyrdylar.

2019-njy ýylyň dekabr aýynda BMG-nyň neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň teklibi bilen halkara ekspert maslahatçy hökmünde bellenilen, Litwa respublikasynyň halkara akkreditasiýaly kriminalistiki we kazyýet-lukmançylyk seljermeler merkeziniň bilermeni Daýwa Ýakubauskiýene tarapyndan MKLE-synyň akkreditasiýasyny geçirmeklige taýýarlygyna deslapky baha berildi, onuň netijeleri boýunça ISO/IEC 17025:2017 standartyň ornaşdyrylmagy babatynda meýilnama düzüldi. MKLE-synyň kazyýet-himiýa barlaghanasynyň mümkinçiliklerini we hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ISO/IEC 17025:2017 standartyna laýyk derejä getirmek maksady bilen BMG-nyň neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň guramaçylygynda 2020-2022-nji ýyllarda ýöriteleşdirilen okuwlar gurnaldy.

2020-njy ýylyň noýabr  aýynyň 30-nda BMG-nyň neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň bellän halkara ekspert maslahatçy Daýwa Ýakubauskiýene we MKLE-synyň hünärmenleri tarapyndan MKLE-synyň işine ýöriteleşdirilen resminama dolandyryş ugruny girizilmeklige badalga berildi. Taslamanyň çäginde zerur bolan menedžment ulgamyna degişli bolan resminamalary, şol sanda menedžment ulgamynyň gözükdirijisi, iş ýörediş düzgünnamalary we usulyýetleri işlenip taýýarlanyldy we ornaşdyryldy.

Akkreditasiýa üçin statistiki görkezijilere laýyklykda geçirilýän kazyýet-himiki seljermeleriň arasynda iň köp gabat gelýän «Bugfazaly gaz-suwukluk hromatografiýa usuly bilen ganda etanolyň mukdaryny anyklamak» usuly saýlanyldy. Barlaghana seljermeleriň ýokary takyklygyny gazanmak maksady bilen sertifisirlenen halkara etalon merkezlerinden akkreditasiýa edilýän usul üçin zerur bolan barlaghana gap-gaçlary, termometrler, termogigrometrler, awtomatiki mikropipetkalar, şeýle hem etalon terezi daşlary satyn alyndy we olaryň kalibrowkasy geçirildi. Usuly graduirowka etmek, aralyk barlaglary geçirmeklik, walidasiýa we werifikasiýa maksady bilen sertifisirlenen üpjün edijilerden (LGC  Polşa) etalon erginler satyn alyndy. Kazyýet-himiýa barlaghanasynyň hünärmenleriniň hünär derejesine baha bermek üçin her ýyl akkredasiýa edilýän usula degişli professional testler (PT) arkaly synaglar  meýilleşdirildi we amala aşyryldy. Türkmenistanyň SG we DSM-niň Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasynyň (MKLE) kazyýet himiýa barlaghanasy professional testleriň jemi boýunça (LGC Beýik Britaniýa) gatnaşan 256 sany barlaghanalaryň içinde birinji onluk sanawyna girizildi.

MKLE-nyň ähli işgärleri ISO/IEC 17025:2017 standarty boýunça akkreditasiýa işleriň amala aşyrylmagynda we ornaşdyrylmagynda agzybirlikde zähmet çekdiler. 

MKLE-nyň ISO/IEC 17025:2017 standarty boýunça halkara akkreditasiýasyny almak we  halkara derejesine ýetmeklik ugrunda ähli şertleri döretmekde Turkmenistanyň SG we DSM-niň hem aýratyn ornunyň bardygyny bellemek zerur.

BMG-nyň neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýardam bermegi bilen dürli ýurtlarda (Gyrgyzstan respublikasy, Russiýa federasiýasy, Gazagystan respublikasy, Belarussiýa, Gruziýa) hasaba alynan halkara akkreditasion merkezleriniň arasyndan akkreditasiýa babatynda talapnama bermeklik üçin birini saýlamaklyk çäresi geçirildi. 

Netijede, 2023-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň MKLE-synyň barlaghanasynyň ISO/IEC 17025:2017 standartyna laýyklygyna baha bermek we kesgitlenen kadalara doly laýyk gelen ýagdaýynda halkara nusgadaky sertifikaty bermek boýunça Gyrgyz respublikasynyň akkreditasiýa merkezi bilen ylalaşyga gelindi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty  ministrliginiň we BMG-nyň Neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň hem-de Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasynyň degişli işgärleriniň ýerine ýetiren  işleriniň netijesinde Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasynyň kazyýet-himiýa barlaghanasyna akkreditasiýa gabat gelmeklige baha beriji guramanyň  bellige alyş sanawynda (reýestrinde) 2023-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda hasaba alynan  akkreditasiýa edilendigi baradaky №KG 417/КЦА.ИЛ.169 belgili şahadatnama  berildi, bu bolsa Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasynyň we onuň Himiýa  bölüminiň halkara derejesinde resmi taýdan  ykrar edilendiginiň subutnamasydyr.

Adalat Sattarowna Gurtgeldiýewa
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasynyň kazyýet himiýa
bölümçesiniň müdiri

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:50 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 93 %
Pressure 1023 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
berkarar dowletimizin bagtyyar cagalary THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti “Çagalary goramagyň halkara güni” mynasybetli ýurdumyzyň bagtyýar çagalaryny hem-de halkyny gutlady

cagalary goramagyn halkara guni mynasybetli dowletliler kosgunde terbiyelenyan cagalara sowgatlar gowsuryldy qzltqepguv THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI DÖWLETLILER KÖŞGÜNDE TERBIÝELENÝÄN ÇAGALARA SOWGATLAR GOWŞURYLDY

Soňkylar Makalalar

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

21.02.2025
Türkmen medeniýetinde toýlar aýratyn ähmiýete eýe bolup, gelin gyzlaryň şaý-sepleri toýuň iň gözelligi we täsin bezegleriniň biridir. Şaý-sepler diňe bir bezeg däl, eýsem medeni

Ynsan ösüşiniň esasy çeşmesi

21.02.2025
Bilim, adamzadyň intellektual, ruhy we fiziki ösüşiniň möhüm bir bölegidir. Bilim, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumatyň çeşmesidir we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol

 Maglumatlaryň we Sungatyň Hazynasy

21.02.2025
Kitaplar, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumat çeşmelerinden biri bolup, bilim, medeniýet, we döredijiligiň ornaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Kitaplar dürli mazmunlary, temalary we

Adamzadyň akyl ulgamy

21.02.2025
Düşler, adamzadyň akyl ulgamynyň örän gymmatly we şüweleňli bir bölegidir. Düşler adama aň, duýgy we tebigat barada çuňňur düşünje berýär. Düşler diňe bir ýatanda

Tebigatyň Gözelligi we Janlanmasy

21.02.2025
Ýurdumyzda bag – bossanlyk tebigatyň janlanmasyny, gözelligini we adamlaryň durmuşyna sazlaşyk getirmek üçin döredilen aýratyn mekandır. Baglar, tebigatyň dürli görnüşleriniň we ösümlikleriniň jemlenýän ýerleri
GitTop