Dark
Light
04.01.2026
25afeec16835f9ab5213e61db0293b7925681 700x5002 1 THE ASHGABAT TIMES
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçary

Rus ilçisi ýurduň birnäçe nokatlaryndan Türkmenistana howa gatnawlaryny açmagy teklip etdi

21.06.2024

Russiýa Federasiýasy ýurduň Sankt-Peterburg, Ýekaterinburg, Astrahan we Nowosibirsk şäherlerinden Türkmenistana howa gatnawlaryny ýola goýmagy teklip etdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkina salgylanyp «Biznes Türkmenistan» saýty penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, Iwan Wolynkin howa we deňiz ulaglary arkaly Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ýolagçy gatnawlarynyň sanyny artdyrmak boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

«Rus tarapy Sankt-Peterburgdan, Ýekaterinburgdan, Astrahandan we Nowosibirskden howa gatnawlaryny açmak, şeýle hem Hazar deňzi boýunça gämi gatnawyny ýola goýmak baradaky teklipleri öňe sürdi. Munuň medeni, taryhy, lukmançylyk we şypahana syýahatçylygynyň ösmegi üçin möhüm şertleri döretjekdigine ynanýaryn» diýip, ilçi belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistandan Russiýa «Türkmenistan» awiakompaniýasy we S7 awiakompaniýasy tarapyndan uçuşlar amala aşyrylýar. Uçuşlar Russiýanyň Moskwa şäherine ýerine ýetirilýär.

a46c330805c7e54ca08a27a65d235908b9c419af THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaşaýyş jaýymyzyň töweregindäki baglyk düwnük keseliniň döremeginiň öňüni alyp biler

large 160c87d00ce6a5 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ADAM BEDENINE PEÝDALY MIWELER

Soňkylar Dünýä habarlary

Bolgariýa Resmi Taýdan Ýewrozona Goşuldy

01.01.2026
Bolgariýa şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap resmi taýdan ýewrozona goşuldy we özüniň milli walýutasy bolan bolgar lewinden doly ýüz öwrüp, ýewrony döwlet pul birligi

Benzema surat üçin 10 million ýewro töledi

25.12.2025
Karim Benzema Pablo Pikassonyň «Sakgally adamyň portreti» atly suratyny 10 million ýewro satyn aldy. «Al Ittihad» toparynyň hüjümçisi 1964-nji ýyldaky polotnonyň (matanyň esasynda çekilen
GitTop

Don't Miss