a7e2a0943102b3b8d18d817e151b6bb97180afb2 THE ASHGABAT TIMES

Simsiz telegrafyň soňky ösüşi

10.06.2024

Popow bilen bir hatarda onuň kabul edijisine örän meňzeş gurluşy, italýan pro-fessory Augusto Rigi (1850–1921 ý.) tarapyndan kämilleşdirilen Gersiň uçgunly şöhlelendirijisine utgaşdyryp, italýan oýlap tapyjysy Gulelmo Markoni Morze sig-nalyny elektromagnit tolkunlarynyň kömegi bilen aralyga geçirmek boýunça işleri ýerine ýetirdi.

Markoni 1896-njy ýylyň başynda Angliýada Morze elipbiýiniň kömegi bilen signaly 1,5 km aralyga geçirdi. 1896-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Solsberi düzlüginde, jemagat öňünde özüniň oýlap tapan abzalynyň kömegi bilen radiogrammany 3 km aralyga geçirmegi başardy. Markoni iberiji (peredatçik) hökmünde Riginiň kämilleşdiren Gersiň generatoryny we kabul ediji hökmünde özüniň döreden wakuumly kogererini we drossel tegeklerini sak-laýan Popowyň abzalyny (Logžuň abzaly esasynda döredilen) ulandy. Adatça, radiony ilki kim oýlap tapypdyr diýlen sorag köp duş gelýär. Popow Markoniden has öň özüniň oýlap tapyşyny hödürledi, ýöne oňa patent almady. Markoni bolsa özüniň oýlap tapan gurluşyna 1896-njy ýylda Angliýada patent aldy. Şol sebäpli Günbatarda Markonini radiony oýlap tapan hasaplaýarlar.

1901-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Markoni Atlantik ummanynyň üsti bilen birtaraplaýyn (günbatardan gündogara tarap) radioaragatnaşygy amala aşyrdy. Şeýle-likde, ol käbir fizikleriň Ýer üstüniň egriligi sebäpli, radiotolkunlary 300 kilometrden uzak aralyga ýaýrap bilmez diýlen garaýyşlarynyň nädorudygyny subut etdi.

Markoni 1905-nji ýylda signallary ugurlaýyn geçirmek boýunça patent aldy, 1907-nji ýylda bolsa ilkinji transatlantik simsiz aragatnaşyk gullugyny açdy. 1921-nji ýylda Markoni gysga tolkunly telegrafyň derňewlerine başlady. 1927-nji ýylda Markoni gysga tolkunly telegraf aragatnaşyklarynyň kommersiýa Halkara toruny döretdi. 1932-nji ýylda ol ilkinji mikrotolkunly radiotelefon aragatnaşygyny gurnady. 1909-njy ýylda Markoni (nemes fizigi F.Braun bilen bilelikde) simsiz telegrafyň ösüşine goşan goşandy üçin fizika boýunça Nobel baýragyny aldy. Marko-niniň döredijiligi radiotehnikanyň ösmeginde uly ähmiýete eýe boldy.

Markoni tarapyndan döredilen gurluşlaryň esasy aýratynlygy, wertikal ýokary galdyrylan sim görnüşli antenna we ýere birikdirmedir (zazemleniýedir). Iberijä uzyn antennany birikdirilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Munuň özi Gersiň we Logžuň tejribelerinde alnan tolkunlar bilen deňeşdirilende, has uzyn tolkunlary almaga mümkinçilik berdi.

Leýla SERDAROWA
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:31 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
scale 1200 3 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Rentgen şöhleleriniň we radioaktiwligiň açylmagy

robert noyce jack kilby inventatorii ic THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Integral mikroshemalaryň (çipleriň) we mikroelektronikanyň döremegi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop