Dark
Light
25.01.2026
7a60f441 8542 449c 965c c8667ab467a5 scaled THE ASHGABAT TIMES

Şweýsariýada ýygnalýan köpri oýlap tapdylar

06.06.2024

ASTRA köprüsi işleriň gidýän ýerine eltilýän we bir gijede gurnalýan birnäçe bölekden ybarat. Bu gurnamany ulaglaryň hereketine kän päsgel bermezden çalt ýerleşdirip bolýar.
ASTRA köprüsiniň kömegi bilen iş günüň islendik wagty, şol sanda erbet howa şertlerinde hem amala aşyrylyp bilner – gurluşykçylar we täze asfalt ýagyşdan we gardan goralýar. Köpriniň uzynlygy 257 metr we ini 7,57 metr bolup, bu sagatda 60 km-e çenli tizlikde iki zolakly hereketi ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

8a61fe23 aeed 4464 b91e 17648df99264 THE ASHGABAT TIMESIşçiler köprini gurandan soň, hereketi düzgünleşdirmäge ünsi sowmazdan, ýoly abatlamaga girişip bilerler. Mundan başga-da, köpriniň 4,65 metr beýikligi ýoluň aşagynda işlemek üçin ýeterlik giňişlik berýär.
2022-nji ýylda ASTRA köprüsi üstünlikli synagdan geçirildi, ýöne gurnamany  doly işlemek gerek boldy. Hususan-da, sürüjiler üçin hereketi has amatly edip, köteli 6% -den 1,25% -e çenli peselden panduslar goşuldy.

d26b1081 fac2 4d9b b4f6 16ef2d178bdb THE ASHGABAT TIMES
a5f76b5f 3e6e 4b10 a49e edae4eb10c18 THE ASHGABAT TIMES

Şweýsariýanyň Federal ýol müdirligi ASTRA atly täze modully ykjam geçelgäni döretdi. New Atlas-yň ýazmagyna görä, awtoulag sürüjilerine aýlanyp geçmegiň ýa-da dyknyşyklarda durmagyň deregine, ýol işleriniň gidýän ýeriniň göni ýokarsyndan geçmäge mümkinçilik berýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

08122022rezoluciya THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BSGG ählumumy howplara garşy göreşmek üçin 11,1 milliard dollarlyk strategiýany kabul etdi

ffffff THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Turkmenistan is open” atly maýa goýumynyň sergisi geçiriler

Soňkylar Dünýä habarlary

Amazon

Amazonyň paýdarlary AWS-e daýanýar

21.01.2026
Amazon.com Inc. kompaniýasynyň maýa goýujylary, soňky ýyllarda “Big Tech” bäsdeşlerinden yzda galan paýnamalaryň ýene-de bazar liderligini dikeldip biljekdigine ynanýarlar. Optimistik garaýyş esasan Amazon Web
GitTop