Dark
Light
25.01.2026
sport THE ASHGABAT TIMES

TDIM-iň HGI-de gandbol boýunça ýaryş geçirildi

16.06.2024

2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dowam edýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyplary» atly sport bäsleşiginiň gandbol görnüşi boýunça tapgyry geçirildi.

Talyplaryň dynç alyşlaryny gyzykly gurnamak, talyp ýaşlaryň hoşniýetli birek-biregi hormatlamak ýagdaýlaryny döretmek maksady bilen geçirilýän ýaryşlar talyplaryň wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklaryny üpjün edýär.

Bäsleşik gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçip, institutyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti 1-nji orna, halkara žurnalistikasy fakulteti 2-nji orna, halkara gatnaşyklary fakulteti 3-nji orna mynasyp boldular. Şeýle sport bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi sagdyn berk bedenli ýaşlaryň kemala gelmegine uly ýardam berýär.

60f335c406a90 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýäde iň çuň howuz Dubaýda halka hyzmat edip başlady

risunok1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

iPhone 16 Pro Max-yň ýokary hilli suratlary ýaýrady

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss