Dark
Light
24.01.2026
130624 009 THE ASHGABAT TIMES

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty ýylyň ýylyna amala aşyrylýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsümini geçirmek boýunça raýatlardan teklipleri kabul edýär

15.06.2024

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslamasynyň geljekki IV möwsümini geçirmek boýunça ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän raýatlaryndan teklipleri kabul etmek üçin açykdyr.

Ýola goýlan däbe görä, Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän intellektual bäsleşigiň täze möwsümi 2024-2025-nji okuw ýylynda başlanýar. Taslamany kämilleşdirmek maksady bilen hem-de oňa artýan gyzyklanmany göz öňünde tutup, guramaçylyk topary hemme isleg bildirýänlere ýokary okuw mekdepleriň, orta mekdepleriň mugallymlaryna, talyplarydyr okuwçylaryna, ata-enelere hem-de beýleki türkmenistanlylara bäsleşigi geçirmek boýunça özleriniň täze tekliplerini we döwrebap pikirlerini paýlaşmagy teklip edýär. Türkmenistanyň DIM-niň HGI täze möwsümiň şygaryna, bäsleşikleriň mazmunyna, okuwçylar üçin ýumuşlara degişli we beýleki teklipleri kabul edýär.

Raýatlar tekliplerini hem-de özleri baradaky gysgaça maglumatlaryny guramaçylyk toparyna parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna 1-nji iýula çenli ibermelidirler.

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň nobatdaky möwsümini açmak we geçirmek ugrunda alyp barýan yhlasly işlerini, şeýle hem gyzyklanma bildirýän taraplardan gelip gowuşýan teklipleri nazarda tutanyňda, öňde boljak bäsleşigiň täze mazmun bilen baýlaşyp, okuwçylaryň arasynda has-da uly meşhurlyga eýe bolmagyna garaşylýar.

Bäsleşigiň eýýäm dördülenji okuw ýyly yzygiderli geçirilýändigini ýatladýarys. Giň gerimli taslama Türkmenistanyň DIM-niň HGI we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan guralýar. Bu mekdep ýurdumyzyň orta mekdepleriniň taryha, syýasata, diplomatiýa aýratyn gyzyklanma bildirýän hem-de geljekde ömrüni diplomatiýa baglamagy arzuw edýän 9–12-nji synp okuwçylary üçin niýetlenendir. Mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmak, has zehinli, ukyp-başarnykly ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ymtylmalaryny höweslendirmek we goldamak, bilimlerini we ukyplaryny ösdürmek Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň bu taslamasynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.

herd 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýabany Przewalskiniň atlary iki asyrdan soň Gazagystana gaýdyp gelýär

5 1718442233 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TDIM-niň HGI-de «Uçurym — 2024» dabarasy geçirildi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss