hgi sport THE ASHGABAT TIMES

TDIM-niň HGI-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyplary» ady bilen sport ýaryşlary dowamat dowam tapýar

14.06.2024

2024-nji ýylyñ 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda sportuň wolleýbol görnüşi boýunça institutymyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyplary» atly bäsleşik geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, watansöýüji, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmak, ýaş nesilleriň ahlak taýdan kämil, päk, sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri barada yzygider alada edilip, gyzykly bäsleşiklerdir ýaryşlar geçirilýär.

TDIM-niň HGI-de geçen bu bäsleşik gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçip, Halkara gatnaşyklary fakulteti I orna, Halkara žurnalistikasy fakulteti II orna, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti III orna mynasyp boldular. Şeýle sport bäsleşikleriniñ yzygiderli geçirilmegi geljekki halkaraçy hünärmenleriň sagdyn berk bedenli ýaşlaryň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýeti bar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:31 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1023 mb
Wind 18 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
hgi 1 e1718354392610 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

HGI-de sylaglandyryş dabarasy geçirildi

u20q drawresults web 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaşlar ýygyndylarynyň arasyndaky futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi

Soňkylar Habar

GitTop