Dark
Light
24.01.2026
10 THE ASHGABAT TIMES

TDIM-niň HGI-de küşt ýaryşy geçirildi

13.06.2024

2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda okaýan talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilen sportuň küşt görnüşi boýunça «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyplary» atly bäsleşik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Bu geçirilen sport çäresi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Bäsleşik çekeleşikli ýagdaý mahsus bolup, talyp gyzlaryň arasynda Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary I orna, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary II orna, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary bolsa III orna mynasyp boldular.

Talyp ýigitleriň arasynda geçirilen bäsleşikde bolsa Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary I orna, Halkara hukugy fakultetiniň talyplary II orna, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary III orna mynasyp boldular.

Bilşimiz ýaly, küşt oýny ynsanyň akyl – paýhasynyň kämilleşmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Alymlar küşt oýnamagyň beýniniň iki ýarym şaryny hem işjeňleşdirýändigini subut etdiler. Aleksandr Puşkin, Lew Tolstoý, Galileo Galileý, Dante Aligýeri, Wolter ýaly dünýä belli şahsyýetler hem küşt oýnamagy örän gowy görüpdirler.

Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda şeýle sport bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi geljekki halkaraçy hünärmenleriň akyl – paýhas taýdan kämilleşmeklerine, olaryň okuwdan boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerine ugrukdyrýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hgi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

HALKARA ONLAÝN WIKTORINANYŇ ÝEŇIJILERI SYLAGLANYLDY

2222 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Milli «Wallet» hyzmat edip başlady

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop