Dark
Light
03.01.2026
dsc 00872 THE ASHGABAT TIMES

TDIM-niň HGI-de şygryýet agşamy boldy

27.06.2024

Şu gün — 2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş we Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedralarynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy — dünýä ähmiýetli şahsyýet» atly şygryýet agşamy geçirildi. Geçirilen çärä institutyň Halkara hukugy we Halkara žurnalistikasy fakultetleriniň talyplary gatnaşdylar. Şygryýet agşamynda çykyş edenler türkmen halkynyň beýik akyldary – Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasyna degişli şygyrlaryny çeper okadylar. Şahyryň ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan üç dilde çapdan çykan saýlanan eserler ýygyndysyndan birnäçe şygyrlar rus we iňlis dillerinde okaldy. Şeýle hem beýik akyldaryň edebi hem ruhy mirasynyň ähmiýeti dogrusynda täsirli maglumatlar paýlaşyldy.

Şygryýet agşamyna gatnaşan talyp A.Hemranazarowa institutda beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligini çuňňur öwrenmek bilen bagly şeýle çäreleri yzygider geçirilýändigini we munuň özleri üçin uly peýdalydygyny aýdyp berdi.

dowletmyrat seytmammedow 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Medeniýet günlerini Gruziýada geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy

park 11 scaled 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Magtymguly Türkmeniň beỳik Mugallymy

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop

Don't Miss