Dark
Light
25.01.2026
tohu hakaton 1 THE ASHGABAT TIMES

TOHU «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» ady bilen hakaton bäsleşigini geçirýär

22.06.2024

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» hakaton bäsleşigini yglan edýär. Bu barada uniwersitetiň resmi websaýtynda habar berilýär.

Bäsleşik toparlaýyn görnüşde geçirilip, her ýokary okuw mekdebi 3 talypdan ybarat bolan bir topary hödürläp biler.

Bu toparlaýyn bäsleşigiň esasy maksady GIS-tehnologiýalarynyň häzirki zaman mümkinçiliklerini ulanmak arkaly geomaglumat ulgamlary uzak aralykdan üste galtaşmazdan seljermeleri geçirmek, ýagny zondirlemek bilen bagly täze taslamalary we pikirleri döretmek hem-de öňe ilerletmek bolup durýar. Gatnaşyjylar amaly maksatnama üpjünçiligini, web-hyzmat, geoportal ýa-da ykjam goşundy işläp taýýarlamalydyrlar. Bäsleşigiň meselelerini çözmäge 4 sagat wagt berler.

«Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» bäsleşigi 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 18-19-na S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçiriler. Bäsleşige gatnaşmak isleýän orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2024-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli uniwersitetiň tohu_hakaton@mail.ru elektron salgysy boýunça bellige alnyp bilerler.
Habarlaşmak üçin telefon belgi: +99365633644.

Netijelere laýyklykda, gatnaşyjy toparlaryň arasyndan 1 sany baş baýrak, 2 sany I orun, 2 sany II orun hem-de 3 sany III orun kesgitlener. Bäsleşigiň ýeňijileri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň degişli derejeli diplomlary bilen sylaglanarlar.

512c355793cde5e5e8ef231a216e87c4 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Balkansement» zawody sarp edijilere 312 müň tonna golaý sement hödürledi

carlsen THE ASHGABAT TIMES
Next Story

CARLSEN,MAGNUS (2830) – CARUANA,FABIANO (2805), NORWAY CHESS 12TH STAVANGER 07.06.2024

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss