“Gijeki muzeýler” programmasynyň synag obýekti Egeý kenaryndaky gadymy Efes şäheri boldy – ol 2024-nji ýylyň 9-njy aprelinden bäri ýarygijä çenli baryp görmek üçin açykdyr. Efes muzeýiniň müdiri Jengiz Topalyň pikiriçe, programmanyň üsti bilen muzeýe gelim-gidim dörtden bir ýokarlanyp biler. 2024-nji ýylda bu ýerde, takmynan, 2,6 mln adamyň bolmagyna garaşylýar, geçen ýyl Efese 2,16 mln syýahatçy bardy.
Turan welaýatynyň medeniýet we syýahatçylyk müdiri Weli Akýol gijeki ekskursiýalaryň syýahatçylara bu ýerlerdäki tebigy we arheologiki gözelliklerden has ýakymly howada lezzet almaga mümkinçilik berjekdigini belleýär.
Şeýle-de, syýahatçylar üçin gijeki wagtda Pamukkale we mukaddes Ierapolis şäheri elýeterlidir. Bu ýerlere hem syýahatçylar tarapyndan gyzyklanma barha artýar: 2024-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Pamukkale tas 482 müň myhmany kabul etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 55% köpdür. Ýylyň ahyryna çenli syýahatçylaryň sanynyň 3 milliona ýetmegine garaşylýar.
Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi syýahatçylyk akymyny artdyrmak maksady bilen gadymy şäher-muzeýleri we meşhur ýerleri gijeki ekskursiýalar üçin açýan ýörite programmany işläp taýýarlady. Bu ýerlere gündiziň yssy howasy sebäpli syýahatçylyk obýektleri bilen tanyşmakdan ýüz öwürmäge mejbur bolýan myhmanlaryň gelip görmegine garaşylýar diýip, bigasia.ru saýty habar berýär.
Türkiýe syýahatçylar üçün gadymy şäher-muzeýlerini gijeki ekskursiýalar üçin açýar
Soňkylar Dünýä habarlary
Azerbaýjan we ABŞ liderleri global meseleleri ara alyp maslahatlaşdy
22-nji ýanwarda Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçirilýän Bütindünýä Ykdysady Forumynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda resmi
Futbol boýunça Dünýä Çempionaty ABŞ-a gaýdyp gelýär – 2026-njy ýyl taryhy bolar diýip garaşylýar
Futbol boýunça Dünýä Çempionaty ýene-de ABŞ-da geçiriler we bu gaýdyp gelmek taryhy waka bolar diýlip garaşylýar. 1994-nji ýylda geçirilen çempionat tomaşaçylaryň rekordyny goýdy, ol
Amazonyň paýdarlary AWS-e daýanýar
Amazon.com Inc. kompaniýasynyň maýa goýujylary, soňky ýyllarda “Big Tech” bäsdeşlerinden yzda galan paýnamalaryň ýene-de bazar liderligini dikeldip biljekdigine ynanýarlar. Optimistik garaýyş esasan Amazon Web
Soňky günlerde Pakistanda altynyň bahasy öň görülmedik depginde üýtgeýär
Pakistanda altynyň bahasy howsala döredýän derejä çykdy — bir tola 500 müň rupiýadan geçdi All-Pakistan Gems and Jewellers Sarafa Association-nyň maglumatlaryna görä, halkara bazarlarda
Özbegistanyň 2026-njy ýyl üçin sanly ösüş maksatlary üçin Mirziýoýew täze ugurlary kesgitledi
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň sanly ösüş ugurlary boýunça alnyp barylýan işleri gözden geçirip, 2026-njy ýyl üçin täze ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi. Prezidentiň bellemegine