Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary iýmit tehnologiýalary barlaghanasynda kädi we mäş ununy, ýumurtga tozuny, ýumurtga sarysynyň, agynyň şeýle hem gabygynyň tozuny işläp taýýarladylar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň 10-njy iýunda beren habaryna görä, kädi ununy köp mukdarda beta-karotini, belogy, kletçatkany, witaminleri we minerallary özünde jemleýär. Barlaghananyň ýaş alymlary ony çörek we süýji-köke önümleriniň düzümini baýlaşdyrmak teklip edýärler.
Alymlar kädi ununy we ondan bişirilen kökäni azyk önümçiligine girizmegiň üstünde işleýärler. Kädi uny azyk senagatynda reňk berýän tebigy serişde hökmünde hem ulanylar.
Habarda bellenilişi ýaly, mäş ununyň düzüminde kleýkowinanyň ýokdugy, beloklara, kletçatkalara, witaminlere, mikroelementlere baýlygy we ýeterlik derejede kaloriýasynyň bolmagy bilen tapawutlanýar.
Mäş unundan bişirilen çörek önümleriniň ýokary ýokumlylygy olary keselden soňky ýagdaýda we surnukmadan adam bedenini dikeltmek üçin iýmit önümi hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu ylmy usuly ýurduň azyk senagaty kärhanalarynda durmuşa geçirmek üçin içerki telekeçilere hödürlenýär.
Şeýle-de alymlar barlaghana şertlerinde ýumurtga tozuny, ýumurtga sarysynyň, agynyň şeýle hem gabygynyň tozuny oba hojalyk mallarynyň we guşlaryň iýmitini minerallar, esasanam, kalsiý bilen baýlaşdyrmakda ulanmak üçin teklip edilýär.