Dark
Light
27.12.2025
555 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde guruljak seýilgähiň taslamasy bilen tanyşdy

24.06.2024

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine 22-nji iýunda amala aşyran iş saparynyň barşynda täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähiň taslamasy, onuň bezeg şekilleri bilen tanşyp, birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri behişdi bedewleriň heýkelleriniň suw çüwdürimleri bilen utgaşýandygyny belläp, seýilgähde ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleriniň oturdylmagyny, olaryň her birine degişli ýazgylarda bedewleriň taryhyna we görkezen netijelerine bagyşlanan maglumatlaryň ýerleşdirilmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde taslamalaryň we çyzgylaryň hatarynda görkezilýän lukmançylyk klasterine degişli düzümlere berlen halkara güwänamalaryň we olaryň haryt nyşanlaryna degişli bellige alyş resminamalarynyň ähmiýetine ünsi çekip, olaryň ýurtda alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň nyşanydygyny belledi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, bu şäheriň gurluşygynyň ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini aýtdy.

Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda alnyp barylýan işler, şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

arkadag saherinin seyilgahinde guruljak bedewlerin heykellerinin suw cuwdurimlerinin taslamasy THE ASHGABAT TIMES
link 2024 06 24 162835 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi ýurtdaky işiniň tamamlanmagy mynasybetli ahyrky metbugat maslahatyny geçirdi

lettuce field irrigation sprinklers THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen telekeçisi ulanylan suwy gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berýän enjamy teklip edýär

Soňkylar Habar

2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi

27.12.2025
Bu barada 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdylyp, Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine
GitTop

Don't Miss